Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy

09:1116.07.2015
0
15252

15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem deňziň şypahana kenaryna dikuçardan syn etdi.

Ir bilen döwlet Baştutany Awazanyň Kongresler merkeziniň binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde milletiň Liderini Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Balkan welaýatynyň, Türkmenbaşy şäheriniň, Awaza etrabynyň  häkimleri, beýleki ýolbaşçylar garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti döwrebaplaşdyrylan ak öý görnüşindäki, öň tarapy altynsöw aýnalar hem-de nagyşlar bilen bezelen, özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan ägirt uly desganyň daşky görnüşini üns bilen synlady.

Bu binanyň gurluşygyna 2012-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berildi we häzirki wagtda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Onuň umumy meýdany 185 müň inedördül metre deňdir. Kongresler merkezi ýerasty jaýlary hasaba almazdan dokuz gatdan ybarat bolup, wekilçilikli çäreler, sammitler we ýokary derejeli duşuşyklar, forumlar hem-de maslahatlar üçin zallary öz içine alýar. Merkezi Aziýada iň iri Kongresler merkezini  “Polimeks Inşaat A.Ş.” türk kompaniýasy bina edýär, onuň ýolbaşçysy hem şu günki çärä gatnaşýar.

Binanyň birinji gatynda ýerleşýän 2 müň orunlyk mejlisler zalyna barýar. Ondan başga-da, bu ýerde 2 sany 450 orunlyk we 256 orunlyk banket zallary, 5 sany daşary ýurt döwlet baştutanlary üçin ofisler, ikiçäk duşuşyklar otagy, 60 orunlyk mejlisler zaly, her biri 100 orunlyk üç sany zal, gepleşikleri geçirmek üçin köpugurly 200 orunlyk zal, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek üçin niýetlenen zal, şeýle hem hökümet wekiliýetleriniň işewür duşuşyklaryny geçirmek üçin zal, kabul edişlikleri guramak üçin beýleki jaýlar, kinoteatr, gatlaryň birinde sergi zaly hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk komiteti üçin edara iş otaglary ýerleşer. VIP derejeli aýratyn sport toplumy üçin 12 müň inedördül metr ýer bölünip berlip, bu ýerde ýüzülýän howuz, köpugurly sport zaly  we  beýlekiler bolar.

Merkeziň ýokarsynda gözegçilik meýdançasy ýerleşýär, ondan Awazanyň  ajaýyp görnüşi açylýar. Häzirki wagtda Kongresler merkeziniň çäkleri hem suw çüwdürimleri, ýaşyl zolaklar, bina eltýän köpri hem-de awtoduralgalar bilen abadanlaşdyrylýar.

Halkara işewürlik we syýasy çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen Awaza häli-şindi daşary ýurt baştutanlary gelip görýärler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Olaryň bu ýerde kabul edişligini guramagyň hem-de beýleki ähli amatly şertleri döretmegiň duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmek üçin hoşniýetli ýagdaýy emele getirýändigi hakykatdyr. Şonuň üçin hem wekilçilikli maslahatlary we ýokary derejeli duşuşyklary geçirmek üçin niýetlenen binalaryň gurluşygynda we VIP-şahslar üçin ýokary derejeli hyzmaty guramakda dünýä ölçeglerinden ugur alynmagy zerurdyr.

Döwlet Baştutany binanyň bezeg işlerine aýratyn ünsi çekip, bu babatda birnäçe maslahatlar bermek bilen, binanyň binagärlik keşbinde milli nagyşlar bilen häzirki zaman binagärlik meýilleriniň sazlaşygyny emele getirmäge döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Milletiň Lideri şeýle hem myhmanlar üçin hyzmatlary guramak boýunça tabşyryklary berdi.

 Munuň üçin Kongresler merkeziniň protokol çäginde 80, 100 we 120 orunlyk mejlisler zallaryndan başga-da, maslahat geçirmek üçin 30 orunlyk üç sany kiçi zal, ikiçäk duşuşyklar üçin iş otaglarynyň üçüsi, belent mertebeli myhmanlar üçin şahsy otaglar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 100 orunlyk metbugat merkezi göz öňünde tutuldy. Elbetde, otaglaryň hemmesi degişli derejede, döwrebap tehnikalar bilen üpjün ediler, bu bolsa täze işewür merkezde netijeli we oňaýly işlemäge şert döreder.

Şeýle hem Kongresler merkeziniň  binasynda, metbugat maslahatlary üçin zalda döwlet Baştutany hökümet agzalarynyň, Balkan welaýatynyň, Türkmenbaşy şäheriniň we onuň Awaza etrabynyň  häkimleriniň, “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykow we günbatar sebitiň häkimliginiň ýolbaşçysy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa  welaýatda işleriň barşy barada, Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi,   şol sanda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň barşy barada hasabat berdiler.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüş meýilnamasyny durmuşa geçirmek barada görülýän çäreler hakynda, Türkmenbaşy şäheriniň we onuň täze etraplarynyň ykdysady kuwwatyny, olaryň ilatynyň durmuş-ykdysady derejesini ýokary götermek hakynda gürrüň gitdi. Awazada gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanynyň dynç alyş zolagyny we deňizýaka sebitini ösdürmäge gönükdirilen wezipelerini çözmek boýunça maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlary beýan edildi.

Milletiň Lideri gurulýan desgalary häzirki zamanyň talaplaryna gabat getirmek, adamlar üçin amatly şertleri döretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylardan ulanmaga berlen desgalaryň degişli ulanyş ýagdaýynda saklanmagyny talap etdi. 

Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görmäge dürli düzümleriň ylalaşykly işlemeklerini guramak barada aýratyn görkezmeler berildi. Döwlet Baştutany  "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerine ýetirilýän ähli gurluşyk işlerini, olaryň ulanmaga berilmeginiň möhletlerini hemişe gözegçilikde saklamagy berk talap etdi.  

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy dynç alyş zolaklaryny döretmekde tebigy ekoulgamy ulanmagyň zerurdygyny we dynç alýanlara aňrybaş amatlyklary döretmek üçin hyzmatlar düzüminiň desgalarynyň oýlanyşykly ýerleşdirilmeginiň wajypdygyny ýene bir gezek nygtady. 

Dynç alyş ulgamynyň güýçli depginde ösdürilmegi, hyzmatlaryň görnüşleriniň we hiliniň ýokarlandyrylmagy, myhmanhana ulgamynyň kabul ediş mümkinçiliginiň artdyrylmagy, ilatyň dürli gatlaklarynyň ösýän islegleriniň göz öňünde  tutulmagy "Awaza" syýahatçylaryň uly isleg bildirip gelmegine ýardam edýär.

 

Bu babatda milletiň Lideri "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde iň täze inžener-tehniki işläp düzmeleri ornaşdyrmagy we syýahatçylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmagy, gurluşygyň ýokary hil we ekologik ülňülerini üpjün etmegi, özüne çekiji çeperçilik keşbini döretmegi we deňiz ýakasyndaky ülkäniň tebigy aýratynlyklarynyň häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşygyny gazanmagyň wajypdygyny nygtady.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş merkezlerinde, şypahananyň çäklerinde arassaçylygy we tertibi, ülkäniň ekologiýa abadançylygyny  üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi hem-de degişli ýolbaşçylara bu barada görkezmeleri berdi.

Syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň esasy wezipesi Türkmenistanyň ähli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gelýän adamlaryň doly derejeli we oňat dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegi we hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtap, döwlet Baştutany ýene-de bir gezek ähli gurluşyk işlerine gözegçiligiň birjik-de gowşadylmaly däldigine   ünsi çekdi.

Diňe şeýle şertler döredilende "Awaza" dünýäniň ähli künjekleriniň jahankeşdelerini özüne çekýän merkeze öwrüler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy hem-de bu ýere ýygnananlara kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly anyklanan meseleleri çözmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Iş maslahaty tamamlanandan soň, döwlet Baştutany Kongresler merkeziniň binasyndan çykdy we golaýda ýerleşen gämi duralgasyna tarap ugrady. Milletiň Lideri gezelenç gaýyklaryny goýmak üçin niýetlenen kenarýaka desgany synlap, onuň ýanaşyk ýerlerini bezemek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparynyň çäklerinde dikuçarda deňiz ýakasyndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna aýlanyp, bu ýerdäki syýahatçylyk, myhmanhana we durmuş-ykdysady düzümi, şeýle hem  deňiz ýakasynyň we ýurdumyzyň tutuş ulag-logistik ulgamynyň möhüm desgalarynyň biri—Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portuny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.  

Mälim bolşy ýaly,  milletiň Lideri Hazaryň kenarynda milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi baradaky başlangyjy öňe sürmek arkaly bu iri möçberli maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagyna  hut özi gözegçilik edýär hem-de Awazadaky işleriň ýagdaýy bilen yzygiderli tanyşýar.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň maksatnamasy diňe bir maýa goýumlaryny çekmek üçin aýratyn ykdysady-hukuk  meýdançasyny döretmegi, innowasion tehnologiýalary ulanmagy we bu ýerde gurulýan desgalaryň köpugurlylygyny göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, adamlaryň durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak, olaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi öz içine alýar.

 Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda gurlup, ulanmaga berlen “Älemgoşar” oýun attraksionly seýilgähi, “Deňiz merjeni” medeni dynç alyş merkezini hem-de “Jadyly kenar” oýun attraksionly seýilgähi guşuçar belentlikden synlady. Bu seýilgähler tomus möwsüminiň gyzgalaňly döwründe Awazada dynç alýan müňlerçe adamlar, ilkinji nobatda bolsa, çagalar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dünýä derejesindäki dynç alyş zolagynyň kemala gelmegi—bu diňe bir myhmanhanalaryň artmagy däl-de, eýsem, ýokary amatlylygyň we sagaldyş hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesidir. Milletiň Lideri bu ýerde dynç alýan adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin döwrebap şertleri döretmek, boş wagtyňy işjeň geçirmek we ynsan saglygyny, onuň beden hem-de ruhy taýdan güýç-gaýratyny dikeltmek ýaly şertleri döretmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurulýan kottežler toplumynyň üstünden aýlaw etdi. Milletiň Lideri işleriň gerimine baha berip, şunuň ýaly şäherjikleriň durmuş üpjünçiliginde döwrebap inženerçilik çözgütlerini peýdalanmagyň, adamlar üçin döredilen amatly şertleri innowasion tehniki işläp düzmeler bilen utgaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Awazadaky durmuş ulgamyna degişli desgalary gurmakda hem esasy talap bolap durýar.

Uçuş mahalynda Hazar deňziniň jana şypa berýän türkmen kenaryndaky syýahatçylyk desgalarynyň gözel görnüşine syn edip, milletiň Lideri olara ýanaşyk ýerler gök ösümlik zolaklary bilen bezelende, ýerli tebigatyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. Şypahana giňişligini guramagyň esasy ýörelgesi onuň daşky gurşaw, tebigy şertler  bilen ajaýyp sazlaşygy bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.  Hemme meýilleşdirilýän çözgütler dynç alyş zolagynyň çäkleriniň toplumlaýyn özleşdirilmegine—gurluşyk, durmuş, ulag we inženerlik ulgamynyň bilelikde ösdürilmegine gönükdirmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gül-gunçaly, bagy-bossan “gök  guşagyň” döredilmeginiň  ajaýyp täsiri, syýahatçylyk zolagynyň howasynyň gowulanmagy, jana melhem deňiz howasy bilen birlikde, Awaza gelýän türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň oňat dynç almagy we saglyklaryny berkitmegi üçin zerur ekologiki gurşawy üpjün eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň