Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň dokma senagatynyňbäsleşige ukyplylygyny goldaýar

19:0915.07.2015
0
4558

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda we “Şewron” kompaniýasynyň ýardamy bilen “Türkmenistanyň dokma senagatynyň bäsleşige ukyplylygyny berkitmek” atly seminary geçirmegi başlady.

Bu iki günlük çäräniň dowamynda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginde we dokma kärhanalarynda işleýän 24 sany hünärmenler ýerli dokma önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny berkitmek we daşary ýurt bazarlaryna eksportyň möçberlerini köpeltmek üçin niýetlenen häzirki zaman biznes we marketing  usullaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Şol sanda seminaryň dowamynda deňeşdirme artykmaçlygy bolan pudaklarynda biznes usullaryny ulanmak, ýüplükleriň we egin-eşikleriň eksport potensialyny berkitmek, we dokma senagatyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ýaly meselelere serediler. Seminary bäsleşige ukyplylyk, marketing we halkara söwda boýunça ekspert Rodrigo Ortiz alyp barar. Ol Türkmenistanda amala aşyrylýan we ýerli hünärmenleriň potensialyny artdyrmaga gönükdirelen taslamalara 2010-njy ýyldan bäri gatnaşyp gelýär.

Bu çäre Türkmenistanyň ykdysady we jemgyýetçilik ösüşini goldamak üçin Amerikanyň halkynyň adyndan USAID-iň üsti bilen amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň