Gwanjuda XXVIII tomusky Uniwersiada tamamlandy

18:1115.07.2015
0
2349

14-nji iýulda agşamara Günorta Koreýanyň Gwanju şäherinde XXVIII tomusky Bütindünýä Uniwersiada tamamlandy. Bassyr 12 günläp ýurduň günorta-günbataryndaky bu şäherde ýiti göreşler dowam etdi, medallar we rekordlar ugrunda dünýäniň tas 150 döwletinden 13 müňden gowrak türgen bäsleşdi.

Özboluşly şüweleňe öwrülen ýapylyş dabarasy Gwanjudaky Uniwersiadanyň esasy stadionynda geçirildi. Ýer eýeleriniň diňe bir çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, şowly çykyşlary bilen-de janköýerleri begendirmegi başardylar.

Şeýlelikde, taryhda ilkinji gezek resmi däl toparlaýyn hasapda gazanan altyn medallarynyň sany boýunça Günorta Koreýa (47 altyn medal) ýeňiji bolmaga esasy dalaşgärleri — hersi 34 “altyn” gazanan Russiýany we Hytaýy yzda galdyryp, öňdäki orny eýeledi. Koreýalylaryň oýunlar başlamanka 25 altyn medal we üçünji orna düşmegi öz öňlerinde esasy wezipe edip goýandyklaryny-da bellemek gerek.

Ýurtda bar bolan kesel bilen bagly howatyrlanmalar hem nähak bolup çykdy. Guramaçylaryň söz berişleri ýaly, hiç kim kesellemedi. Uniwersiadada howpsuzlygy üpjün eden 112 müň polisiýa işgärleri hem öz üstüne ýüklenen wezipä aňryýany bilen hötde geldiler. Çynlakaý düzgün bozulmalaryň biri-de hasaba alynmady.

Uniwersiadanyň ody ýene iki ýyldan täzeden alawlamak üçin öçdi. 2017-nji ýylda XXIX Bütindünýä tomusky Uniwersiadany Taýwanyň paýtagty Taýbeý kabul eder.

Gwanjudaky XXVIII tomusky Uniwersiadanyň medallar hasabyndaky netijeleri:

1. Günorta Koreýa (47 altyn, 32 kümüş, 29 bürünç, jemi 108 medal)

2. Russiýa (34-39-49-122)

3. Hytaý (34-22-16-72)

4. Ýaponiýa (25-25-35-85)

5. ABŞ (20-15-19-54)

6. Ukraina (8-17-6-31)

7. Gazagystan (6-0-4-10)

8. Litwa (5-1-3-9)

9. Belarus (4-3-5-12)

10. Azerbaýjan (2-0-1-3)

11. Estoniýa (1-2-1-4)

12. Ermenistan we Özbegistan (1-0-0-1)

13. Latwiýa (0-2-1-3)

14. Gyrgyzystan (0-0-1-1)          

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň