Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär

0
588
2
0

Iki ýurduň arasynda, şeýle hem Hazar sebitiniň we Ýewropanyň döwletleri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Tbiliside geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri boldy — diýip “Nebit-gaz” gazeti belleýär.

Iki ýurduň Liderleriniň soňky ýarym ýylyň içinde eýýäm ikinji gezek duşuşmagy dostlukly döwletleriň özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýandygyny aýdyň görkezdi. 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň we Gruziýanyň Prezidentleri türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ony ösdürmek barada ylalaşdylar. Şol mümkinçilikleriň amala aşyrylmagy bolsa, iki ýurduň bähbidine laýyk gelýär.

Türkmenistanyň energetika ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny Gruziýanyň goldaýandygyny bellemek gerek. Gruziýa, hususan-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly we üstaşyr ibermek hakynda rezolýusiýalaryň taslamalaryny iki gezek goldap çykyş etdi.

Tbiliside bolan duşuşygyň barşynda energetika ulgamy, şeýle hem ulag-aragatnaşyk pudagy, şol sanda Hazarýaka we Gara deňiz sebitleriniň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ulag geçelgelerini ösdürmek babatda özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Munuň özi Türkmenistanyň we Gruziýanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Ýeri gelende aýtsak, Aşgabatda geçirilen şol gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň pudak ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde işçi topary döretmek kararyna gelindi.

Taraplar şeýle hem energiýa serişdeleriniň Hazar sebitinden günbatar ugra iberiljek turbageçiriji düzümi gurmak meýilnamasyna Gruziýany çagyrmaga özara isleg bildirýändiklerini mälim etdiler. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda ministrleriň orunbasarlarynyň derejesinde bäştaraplaýyn işçi topary döredildi. Onuň birinji mejlisi 14-nji iýulda Brýusselde geçiriler.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň energetika ulgamynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyga syýasy äheň bermek babatda islendik synanyşyga garşy çykyş edýändiklerini bellemek gerek. Taraplar bu meselede öz ykdysady bähbitlerinden ugur almak bilen, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemek, degişli ugurda hyzmatdaşlygy dowam etmek barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Giorgiý Margwelaşwiliniň Bilelikdäki beýannamasynda Türkmenistanyň tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen oýlanyşykly syýasatynyň möhümdigi bellenildi. «Prezidentler Hazar deňzi sebitinden Ýewropa energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellediler» diýlip beýannamada aýdylýar.

Gruziýanyň Günorta Kawkaz ulag-energetika geçelgesiniň möhüm halkasy bolup durýandygyny hem-de Hazar deňzi sebitinden we Merkezi Aziýadan Ýewropa iberiljek energiýa serişdeleriniň öz çäginden ygtybarly we howpsuz üstaşyr geçirilmegini üpjün etmäge taýýardygyny bellemek gerek.

Häzir Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi üçin energetika howpsuzlygy we iberilýän çig malyň çeşmelerini üýtgetmek mümkinçiligi babatda geljegi uly hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa bazaryna ibermegiň mümkin bolan ugurlarynyň hatarynda Türkiýe we Ýewropa bilen birleşdiriji üstaşyr kommunikasiýalaryny döredýän Azerbaýjanyň kenaryna Hazaryň astyndan gaz geçirijini gurmagyň taslamasyna garalýar.

Häzir türkmen gazyny Ýewropa ibermek boýunça geçirilýän gepleşikler görnetin işjeňleşdi. Bu bir tarapdan, energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýär. Beýleki tarapdan bolsa, gazy ibermegiň köpugurly çeşmelerine gyzyklanma bildirýän Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary üçin hem örän amatlydyr. Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde Ýewropa Komissiýasynyň energetika bileleşigi boýunça wise-prezidenti Maroş Şefçowiçiň Ýewropa Bileleşiginiň türkmen gazyny eýýäm 2019-njy ýylda alyp başlamagy göz öňünde tutýar diýip bellemegi taraplaryň bu mesele boýunça ynamlydygyny görkezýär.

Häzir Bakudan günorta-gündogar Ýewropa çenli «Günorta gaz geçelgesiniň» düzümini gurmak boýunça işleriň alnyp barylýan wagtynda, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ibermek boýunça meýilnamalaryň bolsa anyk häsiýete eýe bolýan mahalynda bu taslamanyň esasyny düzýän halkalar, şol sanda Gruziýa bilen has ysnyşykly işläp başlamaga girişmek möhümdir.

Şonuň üçin energetika hyzmatdaşlygy we günortakawkaz energetika geçelgesini döretmek wezipesiniň Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Giorgiý Margwelaşwiliniň Tbiliside geçiren gepleşikleriniň esasy meseleleriniň biri bolmagy tebigy ýagdaýdyr. Iki ýurduň Liderleriniň beýannamasyna baha bermek bilen, Türkmenistanyň we Gruziýanyň energetika ulgamynda amala aşyrýan hyzmatdaşlygy günsaýyn berkeýär diýip ynamly aýtmak bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru