2015/2016-njy okuw ýyly üçin Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek başlandy

0
3974
7
0

HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETI

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Geologiýa, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary agtarmak, işläp geçmek (hünärler: nebit we gaz guýularyny burawlamak; nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; ýerüsti dag işleri; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; nebit-gaz geologiýasy; geologiki kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary; dag etek we ýerasty meýdan çäklerini ölçemek; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak; gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek).

2. Himiýa tehnologiýasy (hünärler: nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy; daş-töweregi goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak; standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak).

3. Kompýuter tehnologiýasy (hünärler: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi).

4. Gurluşyk we binagärlik (hünär: nebit-gaz desgalary we senagat gurluşygy).

5. Tehnologik maşynlar we enjamlar (hünärler: nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary).

6. Energetika (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary).

7. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünär: nebit-gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy).

Tölegli esasda iňlis dilinde okadyljak bakalawrlaryň taýýarlanýan ugurlary we hünärleri (bakalawr üçin okuwyň möhleti 5 ýyl (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — hünär taýýarlygy)):

1. Geologiýa, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary agtarmak, işläp geçmek (hünär: nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak).

2. Menejment (hünär: logistika (nebitgaz pudagynda)).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Mary welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-i günleri
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • geologiýa, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary agtarmak, işläp geçmek ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • himiýa tehnologiýasy ugry — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • kompýuter tehnologiýasy ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • nebit-gaz desgalary we senagat gurluşygy hünäri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • tehnologik maşynlar we enjamlar ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • energetika ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • nebit-gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy hünäri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • tölegli esasda iňlis dilinde okadyljak bakalawrlaryň taýýarlanylýan nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak hem-de logistika (nebitgaz pudagynda) hünärleri — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8;

tel.: 39-13-74, 39-13-70.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru