Soňky habarlar

Arhiw

Eýran nebite bolan bahany ep-esli aşak düşürip biler

18:0014.07.2015
0
3515

Eýran bilen “altylygyň” arasynda eýýäm duşenbe güni gol çekilip bilinjek Ylalaşyk Yslam Respublikasyna garşy girizilen çäklendirmäniň aradan aýrylmagyna getirip biler. Munuň özüniň ýakyn gelejekde nebitiň bahasynyň arzanlamagynyň esasy sebäbi bolmagy mümkindir.

Amerikanyň JP Morgan bankynyň bilermenleriniň belleýşi ýaly, taraplaryň ylalaşyga gelmek mümkinçiliginiň ýokarylygy geçen hepdede nebitiň bahasynyň aşak düşmegine getirdi. Dogry, soňra habarlarda geleşige gol çekişligiň möhletiniň uzaldylandygynyň aýdylmagy netijesinde bahalar ýene galdyryldy.

Häzriki wagtda halkara araçylarynyň “altylygy” (Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hytaý, Fransiýa, Russiýa, ABŞ) Ýewropa bileleşiginiň we Eýranyň gatnaşmagynda ýader maksatnamasy boýunça jemleýji ylalaşyklaryň üstünde işleýärler. Biraz öňräk taraplaryň 13-nji iýula çenli ylalaşyga gelmäge umyt bildirýändigi habar berlipdi.

Geçen hepdäniň ahyrynda “altylyk” bilen Eýranyň arasyndaky bu ylalaşyk bellenilen möhletde gazanylmaz umydy bilen, dünýä bazarynda nebitiň bahasy ýene-de ýokarlandy. Awgust aýyndaky bahalamalarda Brent demirgazyk deňiz ýangyç garyndysynyň bahasy 1,61 göterime, bir barrel üçin 59,53 dollara çenli ýokarlandy.

Birneme öňräk Eýran çäklendirmeler aradan aýrylansoň, üç aýyň dowamynda nebit çykarmagyň we eksport etmegiň öňdäki derejesine çykjakdygyny mälim edipdi. Hususan-da, bu ýurt nebitiň eksportuny bir gije-gündizde 2,5 million barrele ýetirmegi meýilleşdirýär.

JP Morganyň bilermenleri çäklendirmeleriň aradan aýrylmagy bilen, Eýranyň bir gije-gündizde öz aýdýan möçberlerinden az, takmynan 300-500 müň barrel nebiti bazarlara çykaryp biljekdigini çaklaýarlar.

Ýöne şu meseleler hem aşa üsti ýetik bazarda nebitiň bahasynyň aşak düşmegi üçin ýeterlik bolup biler. JP Morganyň bilermenleriniň hasaplamalaryna görä, şu ýyl Brentiň bir barrel üçin ortaça baha 62,7 dollar, WTI-niň bolsa bir barreliniň bahasy 56,6 dollar bolar. Indiki ýyl bolsa bu görkezijiniň degişlilikde 71,5 şeýle hem 65,5 dollara barabar bolmagyna garaşylýar.

Halkara energetika agentliginiň iýul hasabatlaryna görä, nebit çykarmagyň möçberleri iýunda bir gije-gündizde 550 müň barrele — 96,6 million barrele çenli ýokarlandy. OPEK ýurtlarynda nebit çykarylyşy geçen aýda bir günde 340 müň barrele — 31,7 million barrele çenli artdyryldy.

www.trend.az        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň