Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen pälwanlarynyň Aziýa çempionatyndaky bürünç medaly

15:5714.07.2015
0
2828

Mýanmanyň paýtagtynda geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda aşgabatly sport ussatlygyna dalaşgär Süleýman Welliýew bürünç medala mynasyp boldy. Ýaryşda 18 ýurtdan gelen ýaş pälwanlar dürli agramlyk derejelerde güýç synanyşdylar.

120 kg agramda çykyş eden biziň pälwanymyz ilkinji tutluşygynda asgyn geldi. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda Süleýman Welliýew Gyrgyz Respublikasynyň wekilinden üstün çykdy.

Bu S. Welliýewiň halkara arenasyndaky ilkinji üstünligi däldir. Ol 2012-nji ýylda hem ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp bolupdy. Mundan başga-da, Süleýman dürli ýaş derejelerinde birnäçe gezek Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazanypdy. Şu ýyl bolsa erkekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça Umumymilli spartakiadada öňdäki orny eýeläpdi.

Kakasy, erkin göreş boýunça sport ussady Maksat Welliýew Süleýmanyň ilkinji tälimçisidir. Soňky bäş ýyl bäri bolsa ýaş pälwan grek-rim göreşi boýunça halkara derejeli sport ussady, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rozy Rejepowyň elinde ussatlygyny artdyrýar.

Ýakyn günlerde Süleýman Welliýew has jogapkärli ýaryşa — 9-17-nji awgust aralygynda Salwadorda (Braziliýa) geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna taýýarlanyp başlar. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine girmek we medal ugrunda göreşmek hem ýaş pälwanyň elýetmez arzuwy bolup durýar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň