Soňky habarlar

Arhiw

2015/2016-njy okuw ýyly üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan milli barlag tehnologiki uniwersitetine seçip alyş işi başlandy

09:5214.07.2015
0
18715

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2015/2016-njy okuw ýyly üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan milli barlag tehnologiki uniwersitetine seçip alyş işini geçirýär.

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurulýan “Garabogazkarbamid” zawodynda hem-de konserniň garamagyndaky hereket edýän kärhanalarda işlemek üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen:

1. Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy;

2. Himiýa önümçiliginiň maşynlary we apparatlary

hünärleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan milli barlag tehnologiki uniwersitetine Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda hemişelik ýaşaýan umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary (ýigitler) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuw, umumy ýaşaýyş jaýy we talyp haky bilen bagly çykdajylar “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan tölener.

Resmi iş kagyzlary:

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ulaglar fakultetiniň suw ulagy bölüminde (Türkmenbaşy şäheri) 2015-nji ýylyň 14-23-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

- Russiýa Federasiýasynyň okuw mekdeplerine okuwa iberilýän daşary ýurt raýatynyň bellenen nusga boýunça sowalnamasy;

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy) we onuň rus diline resmi terjimesi;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

- soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde on iki sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, dalaşgär ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Seçip alyş iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärlerden Russiýa Federasiýasyna okamaga gitmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi

 2015-nji ýylyň iýul aýynyň 26-28-i aralygynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ulaglar fakultetiniň suw ulagy bölüminde (Türkmenbaşy ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary rus dilinden ýazmaça, umumybilim maksatnamasy boýunça test hem-de Türkmenistanyň taryhyndan döwlet dilinde söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ulaglar fakultetiniň suw ulagy bölüminiň salgysy: Türkmenbaşy şäheri, Azady köçesiniň 75-nji jaýy;
tel.: 2-84-33.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň