Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady

0
739
5
0

Mähriban halkym! 
Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän, ynsanperwerligi ündeýän, halkymyzyň agzybirlikde, in gowy arzuw-umytlar bilen garşy alýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda dost-doganlyga, bitewülige we dogruçyllyga çagyrýan mübärek Gadyr gijesiniň bagtyýar halkymyzyň giňden, mynasyp garşy aljakdygyna pugta ynanýaryn!

Oraza aýynyň Gadyr gijesi ruhy päkligi, adalatlylygy, arassaçylygy, parahatçylygy ündemek maksady bilen, gudraty güýçli Beýik Biribar tarapyndan Mukaddes Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilen mübärek gijesidir. Bu mukaddes gijäniň hormatyna halkymyz sagdyn we bagtyýar durmuşy, ýurt abadançylygyny, agzybirligi, asudalygy arzuw edip, agzaçar sadakalaryny berýär, ýagşy doga-dilegler edýär.

Mübärek Gadyr gijesiniň şanyna, beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, jemgyýetimiziň rowaçlygyny, agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, biz iş kesilenleriň günäsini geçýäris. Olaryň maşgala ojaklaryna sag-aman gaýdyp barmaklary berkarar döwletimiziň dünýäde tutýan ornunyň we abraýynyň dine bir ykdysady ösüşler bilen däl-de, eýsem baý maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, ynsanperwer, hoşniýetli hem-de asylly däplerimiz bilen hem kesgitlenýändigine şaýatlyk edýär.

Merdana ata-babalarymyz her bir işde sabyr-kanagatly, parasatly we geçirimli bolmalydygy baradaky adamzat hakydasynda müdimilik orun alan däpleri döredipdirler. Bütin adamzat üçin ynsanperwerligiň beýik däplerine öwrülen ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, edep kadalaryny kämilleşdirmekde hem, gözbaşyny ynsan paýhasyndan, durmuş synaglaryndan alýan oňyn tejribeleri toplamakda hem merdana halkymyzyň goşandy uludyr.

Däp-dessurlarymyzy, adatlarymyzy, milli garaýyşlarymyzy özünde jemleýän medeniýetimiz halkymyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň ebedi we ýollarynyň aýdyň bolmagyndan nyşandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz ata-babalarymyzyň miras goýan tejribesine daýanyp, uzak geljege gönükdirilen tutumly işleri amala aşyrýarys. Beýik taryhy eýýamda her bir ynsanyň ruhubelentligini artdyrýan we mertebesini beýgeldýän maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrýarys.

Berkarar Watanymyzyň beýik üstünlikleri gazanmagyna, röwşen ertirlerine, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynyň mazmun taýdan baýlaşmagyna, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine gönükdirilen döwlet syýasatymyz merdana halkymyzyň egsilmez ruhy güýjüne, milli ykdysadyýetimiziň uly mümkinçiliklerine, deňsiz-taýsyz taryhy-medeni mirasymyza daýanýar.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Siziň Mukaddes Gadyr gijäňiz mübärek bolsun! Goý, bu haýyr-sahawatly mukaddes gijede dünýäde abraýy barha belende galýan ata Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru