Soňky habarlar

Arhiw

2015/2016-njy okuw ýyly üçin Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek başlandy

18:1913.07.2015
0
25218

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Roman-german dilleri (hünärler: iňlis dili; nemes dili; fransuz dili; rus dili we edebiýaty; ispan dili).

2. Gündogar dilleri (hünärler: arap dili; pars dili; türk dili; hytaý dili; ýapon dili; koreý dili; hindi dili).

Instituta umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 möçberde alty sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Balkan welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri       
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri   
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri  
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-i günleri
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

Roman-german dilleri (iňlis dili, nemes dili, fransuz dili, rus dili we edebiýaty, ispan dili) we gündogar dilleri (arap dili, pars dili, hytaý dili, türk dili) ugurlary - saýlap alan hünär dili ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

ýapon dili, koreý dili, hindi dili hünärleri — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda dilden geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça synag döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
  • harby gullugy tamamlap gelenler.

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 2060-njy köçe, 47;

tel.: 34-67-17.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň