Soňky habarlar

Arhiw

2015/2016-njy okuw ýyly üçin Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetine talyplyga kabul edişlik yglan edildi

15:5713.07.2015
0
27244

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

  1. Fizika we matematika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika; fizika; radiofizika we elektronika).
  2. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
  3. Tebigy bilimler (hünärler: biologiýa; daşky gurşawy öwreniş; geografiýa; himiýa; kartografiýa; meteorologiýa; psihologiýa).
  4. Ynsanperwerlik-durmuş bilimleri (hünärler: taryh; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; arheologiýa; ylahyýet).
  5. Dil we edebiýat (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; roman-german dilleri: iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; gündogar dilleri: arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty; žurnalistika).
  6. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

Uniwersitete umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty  — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri      

Ahal welaýaty  — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri  

Aşgabat şäheri  — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri 

Daşoguz welaýaty  — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri

Lebap welaýaty  — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-i günleri 

Mary welaýaty  — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri   

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

matematika, amaly matematika we informatika, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärleri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

fizika, radiofizika we elektronika hünärleri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

biologiýa hünäri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

himiýa hünäri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

geografiýa, daşky gurşawy öwreniş hünärleri — geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

kartografiýa, meteorologiýa hünärleri — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

psihologiýa hünäri — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taryh, arheologiýa, gündogary öwreniş, syýasaty öwreniş, ylahyýet hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

türkmen dili we edebiýaty, žurnalistika hünärleri — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

iňlis dili we edebiýaty, fransuz dili we edebiýaty, nemes dili we edebiýaty, pars dili we edebiýaty, türk dili we edebiýaty, arap dili we edebiýaty, hytaý dili we edebiýaty hünärleri — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

italýan dili we edebiýaty hünäri — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hukuk öwreniş hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar (mugallymçylyk hünärine);
  • harby gullugy tamamlap gelenler;
  • hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31;

tel.: 94-69-90, 94-54-29.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň