Geçen hepdede geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 73 million 76 müň dollaryndan gowrak boldy

0
597
4
0

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, awtomobil benzinini, polipropileni, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Karbamid (“Türkmenhimiýa” DK) bolsa Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň baglaşan geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna çigit ýagy, nahýüplük, pagta süýümi satyldy. Olary satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, BAE, Malta, Ukraina, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 73 million 76 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Pakistandan we Slowakiýadan gelen işewürler umumy bahasy 3 million 354 müň manat bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru