Soňky habarlar

Arhiw

“Awazada” güýzüň mylaýym möwsümi döwründe Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça gurulýan 12 gatly myhmanhanany ulanyşa girizmek bellenilýär

07:0613.07.2015
0
7188

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda medeni-durmuş desgalarynyň 17-si dikeldilýär. Olaryň köpüsini medeni-dynç alyş merkezler toplumlary we ýokary derejeli bäş myhmanhana düzýär. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça gurulýan 12 gatly myhmanhana olaryň arasynda aýratyn saýlanýar.

Gurluşyk üçin bölünip berlen 55 müň kwadrat metr ýer böleginde esasy gurluşyk-gurnama we mehanika ýygnaýyş işleri tamamlandy.

Hazaryň kenaryndaky paýtagtyň häkimligine degişli zolagyň beýleki desgalary hem gutarnykly görnüşe girip başlady. 25X12 metr ölçegdäki ýüzüş howzunyň, akwaparkyň we çagalar suw düşleginiň ýanynda suw attraksionlar gurulýar. Deňiz tarapdan tomusky bar we kafe, tennis korty, basketbol we çagalar üçin niýetlenen meýdançalar guruldy.

Myhmanhanadan deňizde motorly, ýelkenli we kürekli gaýyklarda gezelenç etmek üçin gämi duralgasyna göni bag-bakjaly ýol çekilipdir. Gämi duralgasyna barýan ýoluň ortaragynda, suwa düşülýän kenar zolagynda tomusky jaýjagaz dekeldilipdir, bu ýerde dynç aýlanlara ýürek sowadyjy we gurplandyryjy içgiler hödürlener. Onuň gapdalynda kenarýaka futbol meýdançasy ýerleşdirilipdir.

Myhmanhananyň özünde santehniklerden, elektriklerden, gurnama we abatlaýyş işgärlerinden ybarat toparlar işleriň tamamlaýjy tapgyryny alyp barýarlar. Binanyň ýokarky gatynda medeni-dynç alyş, şeýle hem tehniki we gulluk otaglary ulanyşa girizmäge taýýarlanylýar. Giriş holly, gijeki klub, oýun zaly, köpugurly SPA-salon we ýüzüş howzy ölçegleri boýunça olaryň iň göwrümlileri bolup durýar. Lukmançylyk, massaž we dikeldiş-özüňi alyş lukmançylygynyň beýleki otaglary hem taslama kadalaryna laýyklykda abatlanylýar.

Birinji gatda takmynan 300 kwadrat metr meýdany eýeleýän westibýulda we ululygy boýunça şonçarak üç lobbi-barda, 200 orunlyk maslahat zalynda, adminstratiw jaýynda, fitnes-zalda, şeýle hem degişlilikde 757 we 556 kwadrat metr ýer tutýan doly ölçegdäki kinozalda we restoranda... işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Myhmanhananyň haýsy tarapdan seredýändigiňe, ýagtylyga we aralyga baglylykda keşbini özgerdip duran beýik binasy üýtgeşik gözelligi we çeperçilik çözgüdiniň ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Ak mermerli myhmanhananyň ýaşaýyş “diňleri” üç tarapdan sport ýahtalarynyň ýelkenini, ýüz tarapdan bakanyňda bolsa faraonlaryň we syrly Sfinksiň başgabyny ýatladýar.

Elbetde, şeýle myhmanhana göze ilmän bilmez we desganyň ulanylmaga beriljek wagtynda — güýzüň mylaýym möwsüminde Awazada ýyl-ýyldan sany artýan syýahatçylaryň ünsüni özüne çeker.         

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň