Täze Metbugat öýi toplumy hil babatda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän gazetler, žurnallar, okuw kitaplary, kitapçalar çykaryp başlady

0
771
1
0

Täze Metbugat öýi toplumy hil babatda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän gazetler, žurnallar, okuw kitaplary, kitapçalar çykaryp başlady. Toplumyň kuwwatlylygy 3 milliard 180 million 400 müň reňk çap basmasyna deňdir. Şunda Metbugat merkeziniň kuwwatlylygy öňküden iki ýarym esse ýokarlandy.

Toplumyň umumy eýeleýän meýdany 8 gektara barabar bolup, onuň düzümine Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Metbugat merkezi, “Çaphana hyzmatlary” döwlet kärhanasy, “Türkmenmetbugat üpjünçilik” maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasy, mejlisler zaly, naharhana, ýapyk ulag duralgalary, sport meýdançalary hem-de beýleki kömekçi desgalar girýär.

Kämil enjamlar bilen üpjün edilen toplum önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge, diňe bir içerki islegleri däl, eýsem, daşary ýurtly sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmaga ukyplydyr.

Bölümde işler biri-birinden tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, önümleriň görnüşi boýunça önümçiligi guramagyň tehnologiýalary bilen tapawutlanýan 15 sany önümçilik bölüminiň üsti bilen amala aşyrylýar.

Toplumda alnyp barylýan işleriň ählisi awtomatlaşdyrylypdyr. Bu ýerde Wallsсreen ekranlary bilen enjamlaşdyrylan otagda toplumy dolandyrmak işi kompýuterler arkaly amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň neşirýat ulgamyna ilkinji gezek ornaşdyrylan Prinect elektron ulgamy ulanýan serişdeleri we ähli tapgyrlarda geçirilýän çap etmek işlerini bir ulgama birleşdirýär. Maşynlar umumy Prinect kompýuter ulgamy arkaly awtomatiki usulda iş ýagdaýyna geçirilýär. Işiň barşynda reňk gatlagynyň galyňlygy we erginiň çap ediş zolaklaryna berlişi kadalaşdyrylýar.

Bu ýerde Integral sahaplama usuly ýurdumyzda ilkinji gezek çaphana önümçiligine ornaşdyryldy. Bu tehnologiýa Petratto SAB 100 M kesiji-ýelmeýji enjam arkaly ýerine ýetirilýär. Bu usulda gaty daşly ýeňiljek kitaplar çap edilýär, şeýlelikde, bu integral usul “önümiň” agramyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu okuw kitaplary neşir edilende aýratyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren degişli tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, täze toplumda öňümizdäki okuw ýylynyň başyna çenli ýurdumyzyň okuwçylarynyň ygtyýaryna owadan, berk we ýeňil okuw kitaplarynyň gelip gowuşmagy üçin netijeli işler alnyp barylýar.

Bu ýerde oturdylan döwrebap enjamlar kagyz kesmek işini kämilleşdirmäge, aýratyn-da, Soma Cut-900L uly top kagyzlardan kitap we žurnal hem-de beýleki neşir önümlerini taýýarlamak üçin zerur bolan ölçegdäki kagyzlary taýýarlamak işini göwnejaý ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bu enjamyň bir minudyň dowamynda üç top kagyzdan 130 metr kagyzy taýýarlamaga ukyply kuwwaty bar.

Çap galyplary taýýarlananda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary hem-de Suprasetter 106 we Lüscher XPose 230 galyp ýasaýjy enjamlary ulanylýar. Bu çap enjamlary bir gezekde bäşden sekize çenli dürli reňkli çap önümlerini, kagyz gatlaryny agdarýan goşmaça enjamlaryň hasabyna bolsa kagyzyň bir bölegini birbada iki tarapyndan çap etmäge ýardam edýär. Bu usul žurnallar çap edilende ulanylýar. Iň täze enjam ýurdumyzyň neşirýat işiniň tejribesinde ilkinji gezek çap önümini doly, şeýle hem ultrafiolet lagyň peýdalanylmagy bilen aýry-aýry ýerlerini laklamaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde bir sahypada birnäçe çylşyrymly şekilleri ýerleşdirmäge ukyply, köp reňkli neşirleri çap edýän enjam bolup, ol neşir işiniň has-da kämilleşdirilmegini üpjün edýär. Çap önümini bezemek üçin Komfi Sagitta 76 we Komfi Delta 52 güberçekli laminasiýa basmak mümkinçiligi bolan täze laminasiýa enjamlary ulanylýar.

Döwürleýin neşirleri çap etmek amala aşyrylýan bölümde hem döwrebap maşynlar işleýär. Bu ýerde oturdylan enjamlaryň her biri bir sagadyň içinde 64 müň nusgalyk gazeti çap etmäge ukyplydyr. MANROLAND Gromoman usuly bilen toplum kagyzda ofset görnüşinde neşir önümleriniň üç görnüşini — gazetleri, (şol sanda köp sahypaly gazetleri) žurnallary we kitaplary çap etmek bolýar. Çap ediş bölümlerinde QI IDS reňke spektrofotometriki gözegçilik etmegiň awtomatiki ulgamy oturdylypdyr, ol çap etmekde ulanylýan kagyzda çap işleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki zaman Ferag ulgamyny peýdalanmak arkaly neşir önümlerini saýpallamak we ulagda ibermek işleri awtomatlaşdyrylandyr.

Önümçilik işiniň möhüm bölegi taýýar neşir önümini kitap görnüşine salmakdan ybaratdyr. Neşirleri taýýarlama işini çaltlaşdyrmak, olary birikdirmegiň hilini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň neşirýat işinde ilkinji gezek termosapaklar bilen tikmek üçin awtomatlar ulanylýar. Şeýle tikmek usuly örän berkdir, çünki termosapak ýelim bilen birleşip, ereýär we bir bitewi maddany emele getirýär.

Ýumşak sahaply kitaplar we kitapçalar üçin tikinsiz berkitmek ulgamy niýetlenendir. Ol däp bolan termoýelimler, şeýle hem döwrebap poliuretan ýelimler bilen işleýär. Munuň özi kitap böleklerini berkitmegiň hilini gowulandyrýar we sagatda 5 müň kitap böleklerini berkitmäge mümkinçilik berýär.

Şu tehnologiýalaryň esasynda bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagyna bagyşlanan ýumşak daşly kitap ilkinjileriň biri bolup neşir edildi. Gaty sahypaly kitaplary çykarmak üçin ýörite awtomatik ulgam niýetlenendir.

Sanly çap etmek üçin niýetlenen enjamlar örän gysga wagtda aýry-aýry kitaplaryň nusgalaryny, şeýle hem kiçi möçberli neşirleri, şol sanda synag nusgalaryny ýa-da sowgatlyk önümleri çykarmaga mümkinçilik berýär. Toplumda şeýle hem buýrujylaryň tassyklamagy üçin gyssagly suratda synag nusgalaryny taýýarlaýan enjam oturdyldy. Türkmen çaphana işgärlerinde dürli möçberdäki aýry-aýry sowgatlyk neşirleri, şol sanda arassa gaýyşdan hem-de altyn çaýylan neşirleri ýokary hilli we döwrebap usulda sahaplamak mümkinçiliginiň peýda bolandygyny bellemek möhümdir.

Ýurdumyzda Braýl elipbiýinde kitaplar neşir edilip başlandy. Bu kitaplaryň çykarylyp başlanmagy soňky ýyllarda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda açylan täze ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini okuw kitaplary, çeper eserler we beýleki edebiýatlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Neşir önümlerini öndürmekde ulanylýan ähli enjamlar ekologiýa kadalaryna we lukmançylyk talaplaryna laýyk gelýär. Önümçilik otaglarynyň ählisinde enjamlary ornaşdyrmagyň kadalary berk berjaý edilýär, pollar tozan siňdirmeýän antistatik boýaglar bilen örtülipdir. Toplumda işden boş wagtyňda sport bilen meşgullanmak üçin şertler, çaýhana, naharhana göz öňünde tutuldy. Medeni çäreleri geçirmek üçin 258 orunlyk mejlisler zaly bar.

Ýokary tehnologiýaly enjamlara hyzmat edýän hünärmenleriň ählisi Germaniýada tapgyrlaýyn okuwlary geçdiler. Ýurdumyzyň neşirýat ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak indi önümçilik şertlerinde dowam edýär.

Häzirki döwürde çaphana senagaty okgunly ösýän ulgamlaryň biri, maglumat we kommunikasiýa pudagynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ylmyň we tehnikanyň ösdürilmegi bazaryň talaplaryna laýyklykda neşirýat tehnologiýalaryny yzygiderli kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Prezidenti neşirýat senagatynyň işgärleriniň hünär derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtaýar. Olar tehnikalaryň netijeli ulanylmagyny üpjün etmelidir, çylşyrymly tehnologik işi hem-de önümçiligiň guralyşyny başarjaňlyk bilen dolandyrmalydyrlar.

Ýurdumyzda her ýylda neşir edilýän önümleriň möçberiniň we görnüşleriniň yzygiderli artdyrylmagy türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň ylym-bilim we ruhy ugurlarynyň ileri tutulýandygyny görkezýär. Ýokary hilli önümleriň çap edilmegi okamak medeniýetini baýlaşdyrmaga, ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň milli hem-de dünýäniň ruhy genji-hazynasy bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam etmelidir.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru