Aşgabatda Mahatma Gandiniň ýadygärliginiň we Ýoga Merkeziniň açylyş dabarasy boldy

0
918
5
0

Aşgabatda Hindistanyň Premýer-ministr Narendra Modi Mahatma Gandiniň ýadygärliginiň we Ýoga merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hindistanyň Garaşsyzlygy ugrunda göreşen akyldaryň ýadygärligi 2015-nji ýylyň ýazynda ulanmaga berlen paýtagtymyzdaky  täze “Bagtyýarlyk” sport toplumyndaky Ýoga merkeziniň golaýynda ornaşdyryldy.

Dabarada Narendra Modi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen we hindi halklarynyň däp-dessurlaryny aýawly saklamaga we  ösdürmäge berýän ünsi, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gumanitar gatnaşyklary giňeltmäge döredýän şertleri üçin hoşallyk bildirdi.

Işini ugrukdyrmak üçin Hindistandan mugallymlar çagyrylan Ýoga merkezini gözden geçirmegiň barşynda premýer-ministr türkmen ýaşlary — hindi dilini öwrenýän talyplar we gadymy hindi lukmançylygy bolan ýoga bilen gyzyklanýanlar bilen gürrüňdeş boldy.

Dabara şeýle hem ýolbaşçylar düzüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzda işleýän hindi hünärmenleri gatnaşdylar.

Şu gün belent mertebeli myhman Gypjaga bardy we şol ýerde kümmete gül desselerini goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralady hem-de Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Hindistanyň Premýer-ministriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Hindistanyň Hökümetiniň baştutany iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde  bu ýerde ýerleşen Hormatly myhmanlaryň seýilbagynda  agaç nahalyny oturtdy.

Agşam, üstünlikli tamamlanan saparyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň  hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru