Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

0
919
2
0

11-nji iýulda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Hindistanyň hökümetiniň baştutanynyň bu sapary soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan özara bähbitli türkmen-hindi gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.

Biziň ýurtlarymyz dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, onuň hukuk binýady işlenip düzüldi. Häzir döwletara gatnaşyklaryna dostlukly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak,  ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça taraplaryň özara düşünişmegi mahsus bolup durýar.

Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar, onda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyna aýratyn orun degişlidir. Onuň amala aşyrylmagy taslama gatnaşýan ýurtlara birnäçe möhüm durmuş we gumanitar meselelerini, şol sanda goşmaça iş orunlaryny döretmek, gaz geçirijiniň ugrunda durmuş düzümini döretmek bilen bagly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Şunda möhüm zat – türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu giň gerimli taslamasynyň amala aşyrylmagy sebitde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmek üçin kuwwatly itergi berer, taslama gatnaşýan döwletleri bilelikdäki maksatlara, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine anyk düşünmegiň esasynda hakyky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen has-da mäkäm baglar.

TOPH-nyň ykdysady taýdan esaslylygy oňa gatnaşýanlaryň hiç birinde hem Türkmenistanyň degişli ugur boýunça gaz ibermäge ukyplylygyna hiç hili şübhäniň ýoklugydyr. Bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça häzire çenli ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny bellemek gerek.

Energetika pudagyny ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, döwlet Baştutany Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijini guramagyň taslamasynyň ähmiýetini belledi. Iki sany halkara ulag üstaşyr geçelgesiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleriň şu gün geçiriljek gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir iki ýurduň däl-de, eýsem tutuş sebitiň ykdysadyýetine hem oňyn täsirini ýetirer diýip belledi.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bütindünýä Ýoga gününiň yglan edilmeginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Hindistanyň Premýer-ministrini bu waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  we belent mertebeli myhman özara düşünişmek hem-de işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki ýagdaýa we geljegi nazar almak bilen onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini tassyklap, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag ulgamlaryny we beýleki  birnäçe pudaklary özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Türkmenistanyň Baştutany we Hindistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy däp bolan gumanitar gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, bilim, ylym we medeniýet ugury boýunça netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de  pugtalandyrylmagynyň möhümdigini nygtadylar.

Taraplar duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň Premýer-ministri iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürmegi ugur edinýändigini tassykladylar.

Soňra gepleşikler “Ak pagta”  zalynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryny mähirli mübärekläp, Aşgabat şäherine gelip görmek baradaky çakylygyň kabul edilendigi hem-de döwletara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň we berkitmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige minnetdarlyk bildirdi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň we Hindistanyň asyrlaryň dowamynda dostlukly gatnaşyklary saklaýandygyny hem-de söwda-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarda we beýleki möhüm ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, daşary syýasy gatnaşyklar türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, şunda biziň döwletlerimiz oňyn tejribe topladylar, bu tejribe iki dostlukly döwletiň pikirleriniň we garaýyşlarynyň meňzeşligine esaslanýar. Iki ýurt hem sebitde, kontinentde we bütin dünýäde uzak möhletli howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýar. Olar döwletara gatnaşyklarynda deňhukukly hyzmatdaşlygy goldap, adalatly gatnaşyklary, halklaryň öz ygtyýarly ösmegine we hukuklaryna hormat goýmagy ykrar edýär, şeýle hem gapma-garşylyklary we dawaly meseleleri parahatçylykly ýol bilen, syýasy serişdeler arkaly çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär, bu hyzmatdaşlyk netijeli we özara düşünişmek esasynda alnyp barylýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalarynyň saýlawlarynda, şeýle hem beýleki halkara guramalarynyň saýlawlarynda Hindistany goldady diýip, döwlet Baştutany Hindistan hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan makullanan, Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň tarapdary bolup çykyş etdi diýip belledi. Hususan-da, bu abraýly Gurama tarapyndan energetika we ulag pudaklary boýunça kabul edilen Rezolýusiýalaryň awtordaşy boldy diýip, milletiň Lideri kanagatlanmak bilen nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, hindi tarapyna bu goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de halkara gatnaşyklarynyň geljekde hem iki dostlukly halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra goňşy Owganystandaky ýagdaýa ünsi çekip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bu ýagdaýy diňe syýasy-diplomatiki serişdeler arkaly çözmek ugrunda çykyş edýär diýip belledi. Biziň ýurdumyz Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmek maksady bilen uly işleri amala aşyrýar. Hususan-da, bu ýurdy sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna goşmaga gönükdirilen möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan  gaz geçirijisini taslamasynyň ähmiýetini belledi. 

Deslapky hasaplamalara görä, şu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üstaşyr ýurt hökmünde Owganystana ABŞ-nyň 1 milliard dollary möçberinde girdeji getirer. Mundan başga-da, 12 müňden gowrak täze iş orunlary dörediler diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hindi tarapynyň parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky garaýyşlaryny goldaýandygyny belläp, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir Türkmenistan we Hindistan üçin däl, eýsem, taslama gatnaşýan ýurtlaryň ählisi üçin hem peýdaly boljakdygyny nygtady. Bu garaýyşlar bolsa  Premýer-ministr Narendra Modiniň ýüzlenmesinde beýan edildi.

Milletiň Lideri giň möçberli taslamany durmuşa geçirmek babatda soňky bäş ýylyň dowamynda köp işleriň edilendigini aýtdy. Bu gaz geçirijini gurmak baradaky Çarçuwaly ylalaşyga Türkmenistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň Prezidentleri hem-de Hindistanyň Nebit we tebigy gaz ministri gol çekdi. Mundan başga-da bu taslamanyň çäklerinde gazy satyn almak-satmak barada Ylalaşyk baglaşyldy. Ýörite maksatly «TAPI Ltd.» kompaniýasy döredildi. 2014-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda, 2015-nji ýylyň fewralynda Yslamabatda we martynda bolsa, Kabulda bu gaz geçirijiniň Ýolbaşçy Komitetiniň mejlisleri geçirildi. Ýaňy-ýakynda  Dubaý şäherinde taslama gatnaşyjylaryň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  bu gepleşikleriň tamamlaýjy tapgyrynyň ýakynlaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, şu ýylyň sentýabrynda Konsorsiumyň ýolbaşçysynyň kesgitlenjekdigini we bäsleşigiň jemleriniň yglan ediljekdigini nygtady. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutany Hindistanyň Premýer-ministrine, ýurduň Hökümetine taslamany yzygiderli goldaýandygy, ony taýýarlamagyň ähli tapgyrlaryna işjeň gatnaşýandygy üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany  ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine geçip, Türkmenistan we Hindistanyň bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmekde hem baý tejribe toplandygyny belledi. Soňky üç ýylda ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 185–190 million amerikan dollary derejesinde durnukly saklanýar diýip, milletiň Lideri aýtdy we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 40 göterime golaýy ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň kärhanalaryna degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow söwda ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga kiçi we orta telekeçiligiň gatnaşmagyny giňden goldamagyň zerurdygyny aýtdy.

Bu goldaw ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmakda esasy şertleriň biri bolup durýar diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi we iki ýurduň kärhanalarynyň özara geçirilýän halkara sergi-ýarmarkalaryna has işjeň gatnaşmagynyň hem söwdanyň möçberini artdyrmaga we haryt dolanyşygyny giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Iki ýurduň söwda-senagat edaralarynyň arasynda Özara düşünişmek barada baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde belli bir döwür üçin ikitaraplaýyn meýilnama ýa-da maksatnama kabul edilse, peýdaly bolar diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady.

Şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň alyp barýan işleri bellenildi.

Ulag ulgamy özara hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, kontinentara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Türkmen bilermenleri häzirki döwürde «Demirgazyk–Günorta» halkara ulag geçelgesiniň taslamasyna goşulmak barada hindi tarapynyň teklibini öwrenýär. Bu taslama Hindistanyň Mumbaý portuny Eýranyň Pars aýlagyndaky deňiz portlary bilen birleşdirmäge gönükdirilendir. Taslamanyň amala aşyrylmagy Hazar deňziniň sebitine we soňra Ýewropa çykmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutany gumanitar ulgamda gatnaşyklary ösdürmegiň  ähmiýetini nygtap, biziň halklarymyzy köp asyrlyk taryhy gatnaşyklaryň, özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigini belledi. Häzirki döwürde bu gymmatlyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar, medeni gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Milletiň Lideri mysal hökmünde soňky ýyllarda guralan bilelikdäki çäreleriň birnäçesini görkezdi. 2013-nji ýylda Türkmenistanda Hindistanyň Medeniýet günleri, 2014-nji ýylda bolsa, Hindistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.  Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde hindi filmleriniň hepdeligini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl şeýle festiwal Daşoguz şäherinde geçirildi.

Folklor toparlarynyň çykyşlary, suratkeşleriň sergileri we beýleki döredijilik çäreleri özara esasda yzygiderli geçirilýär. Ýaňy-ýakynda, ýagny şu ýylyň martynda Aşgabatda şeýle çäreleriň biri – hindi folklor toparynyň çykyşy guraldy. Bu bolsa, iki ýurduň gadymy we özboluşly medeni-taryhy mirasyna biziň halklarymyzyň uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär diýip, milletiň Lideri nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Premýer-ministriniň gadymy hindi filosofiýasyny we medeniýetini dünýä ýaýmak boýunça başlangyjyny goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzda sagdyn durmuş däplerini wagyz etmäge uly üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri ýurdumyzda şu ýylyň 21-nji iýunynda Bütindünýä ýoga gününiň geçirilendigini belledi. Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu gün belent mertebeli myhmanyň saparynyň çäklerinde Aşgabatda Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň açylýandygyny aýtdy.

Munuň dürli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etjekdigini belläp, Milletiň Lideri dostlukly ýurduň Premýer-ministrini we ähli hindi halkyny bu şanly waka bilen gutlady.

Mälim bolşy ýaly, Hindistan ylmy we tehnologiýalary ösdürmäge uly üns berýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky gatnaşyklar hem netijeli ösdürilýär. Döwlet Baştutany Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýanynda 2002-nji ýyldan bäri hereket edýän «Okuw-önümçilik merkezini» we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýanynda 2011-nji ýyldan bäri hereket edýän «Türkmen-hindi maglumat tehnologiýalary merkezini» iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir oňat mysaly hökmünde görkezdi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri kafedrasynyň ýanynda «Hindi» bölümi üstünlikli işleýär. Häzir bu bölümde 50 talyp bilim alýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, 1998-nji ýylda sebitde ilkinji “TürkmenAjanta Pharma limited” derman öndürýän kärhananyň gurlandygyny nygtady. Bu kärhana häzirki wagtda hem üstünlikli işleýär we derman serişdeleriniň köp görnüşlerini çykarýar. Milletiň Lideri bu ulgamda türkmen-hindi hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabatdaky Indira Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebiniň işini belledi.

Tebigy ylymlar ulgamynda hem gowy tejribe toplandy. Bu tejribe ýaýradylsa, iki tarap üçin hem peýdaly bolar diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutany nygtady. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygy bu gatnaşyklary ösdürmegiň hukuk binýady bolup durýar. Ylalaşykda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, seýsmologiýa we ekologiýa meseleleri ýaly möhüm ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygy giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny amala aşyrýan bitarap döwletdir. Şu ýyl biziň ýurdumyz Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyny giňden belleýär. Şu ýyl bu dereje Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasy bilen ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Döwlet Baştutany şanly  senäniň ähmiýeti barada aýdyp, Premýer-ministr Narendra Modini şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Halkara maslahatyna hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Milletiň Lideri Hindistanyň Premýer-ministrine türkmen we hindi halklarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işine goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip,  biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň diňe bir özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň durnukly ösmegi, şeýle hem häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmek üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhmana we onuň üsti bilen dostlukly ýurduň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Belent mertebeli myhman döwlet Baştutanyna Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Premýer-ministriň belleýşi ýaly, bu sapar Merkezi Aziýa ýurtlaryna bolan saparlarynyň ilkinjileriniň biridir. “Biz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar üçin derwezeleri açýarys, munuň özi biziň üçin örän wajypdyr” diýip, jenap Narendra Modi aýtdy.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň köp asyrlardan bäri üstünlikli dowam edip gelýändigini belläp, belent mertebeli myhman  bu gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ilerledilmeginiň wajypdygyny belledi. Jenap Narendra Modi türkmen Lideriniň Hindistana bolan saparynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny nygtady. Dostlukly ýurduň  hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen-hindi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy barada aýdyp, bu ulgamdaky gatnaşyklary has-da berkitmegiň wajypdygyny belledi.

Belent mertebeli myhman iki ýurduň halkara giňişligindäki gatnaşyklary barada durup geçip, Merkezi Aziýanyň dünýäde möhüm sebitleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman türkmen Lideriniň Owganystan barada aýdanlary bilen doly ylalaşýandygyny nygtady. Jenap Narendra Modi bu meselede biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny kanagatlanma bilen belläp, ol ýurtdaky dawalaryň we beýleki meseleleriň diňe parahatçylyk ýoly bilen çözülmelidigini nygtady.

Hindistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, golaýda Ufada Owganystanyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyň barşynda bu ýurtda taraplaryň gepleşikleriniň geçirýändigi we olara Pakistanyň hem gatnaşýandygy habar berildi. “Hindistan Owganystanyň parahat we gülläp ösýän ýurt bolmagyny isleýär” diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Hindistanyň  Premýer-ministri Türkmenistan–Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy barada durup geçip, bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň oňa gatnaşýan ýurtlaryň ählisi, şol sanda Owganystan üçin hem örän bähbitli boljakdygyny aýtdy.  Premýer-ministr Owganystana uly kömek berilýändigini aýdyp, Türkmenistandan bu goňşy ýurda elektrik energiýasynyň iberilýändigini, şeýle hem durmuş maksatly taslamalaryň amala aşyrylýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Jenap  Narendra Modi Türkmenistanyň  Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen ösmegine we dikeldilmegine uly goşandyny goşýandygyny aýdyp, türkmen Lideriniň alyp barýan ugrunyň göreldelidigini we nusgalykdygyny aýratyn nygtady.

Premýer-ministr söwda gatnaşyklary barada durup geçip, bu babatdaky görkezijileriň entek iki ýurduň mümkinçiliklerini doly görkezmeýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda geçirilen hökümetara toparynyň mejlisiniň ähmiýeti nygtaldy. Hyzmatdaşlygyň serişdelerini kesgitlemek we ulanmak onuň wezipesi bolap durýar. 

Belent mertebeli myhman türkmen Lideriniň ulag geçelgelerini döretmek baradaky aýdanlaryny doly goldaýandygyny nygtap, Eýranyň deňiz ýollarynyň üsti bilen täze bazarlara çykmak mümkinçiliginiň, hususan-da, Hindistanyň bazaryna hem möhüm ýollaryň açylýandygyny belledi. Hindistanyň bazary bolsa uly mümkinçiliklere eýedir. Biz özümiziň tagallalarymyzy birleşdirsek, gatnaşyklarymyzyň çägini has-da giňeldip bileris diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdeleri, dökünleri öndürmek, dokma senagaty, maglumatlar tehnologiýalary, bilim ulgamy, derman serişdelerini öndürmek, syýahatçylyk we sport ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Jenap Narendra Modi saglygy goraýyş ulgamynyň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, Hindistanyň derman serişdelerini öndürmek babatda bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugur boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Belent mertebeli myhman gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, hindi tarapynyň dürli taslamalar boýunça pikir alyşmaga taýýardygyny belledi. Hususan-da, telelukmançylyk boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meýliniň bardygy aýdyldy. Jenap Narendra Modi Türkmenistanyň we Hindistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýup boljakdygyny aýdyp, geljekde bu babatda bilelikde işlemegi teklip etdi. “Biz türkmen Lideriniň sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky başlangyçlaryny doly goldaýarys. Munuň özi ähli ýurtlar üçin nusgalyk ýörelge bolup durýar.  Bu ugurlarda işleşmek üçin uly mümkinçilikler bar” diýip, Hindistanyň Premýer-ministri aýtdy.

Belent mertebeli myhman 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, Aşgabatda gurulýan sport maksatly desgalaryň gurluşygyna Hindistanyň hem goşant goşmagyna umyt bildirdi. Häzirki wagtda Hindistanyň kompaniýalary 2020-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň geçiriljek desgalarynyň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýarlar. Şol kompaniýalar Türkmenistanda şeýle desgalaryň gurluşygyna hem gatnaşyp biler diýip, jenap Narendra Modi aýtdy we  bu ugurdaky hünärmenleri biziň ýurdumyza ugratmaga taýýardygyny belledi. 

Hindistanyň Premýer-ministri ähli ulgamlarda, şol sanda halkara giňişliginde haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolan Türkmen döwletiniň okgunly ösmeginde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatyny nygtap, Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bütin dünýäde wagyz edilmäge mynasypdyr diýip belledi.

Sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhman şu duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, myhmansöýerlik we netijeli gepleşikleriň geçirilmegi babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki duşuşygyň başynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça geçirilýän işler hem-de bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirip başlamaga taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, işlenip taýýarlanan degişli taslamalar görkezildi. Wise-premýer şeýle hem sebitiň ýurtlary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu halkara gaz geçirijisiniň ugruna degişli maglumatlaryň birnäçesini habar berdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, “Mermer” zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Himiýa önümlerini ibermek babatda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Hindistan Respublikasynyň “PSU Rashtriýa Chemicals & Fertilizers” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugy institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Hindistan Respublikasynyň Sport we ýaşlar baradaky ministrliginiň arasynda Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2015-2017-nji ýyllar üçin Maksatnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Ýoga we adaty lukmançylyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda goranmak babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşyga gol çekilýär.

Ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi bilelikdäki türkmen-hindi Beýannamasyna gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmen döwletiniň Baştutany we Hindistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, şu gün türkmen-hindi gatnaşyklaryna mahsus bolan açyklyk we düşünişmek ýagdaýynda netijeli gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy. Döwlet Baştutany geçirilen netijeli gepleşikler üçin, Hindistanyň Premýer-ministri jenap Narendra Modä we Hindistanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýär. Halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we birek-birege düşünişmegine ýardam berýär diýip, milletiň Lideri belledi.  Köp asyrlyk taryhy bolan türkmen-hindi gatnaşyklary häzirki döwürde deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda alnyp barylýar. Şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri geçirilen gepleşikleriň dowamynda aýratyn bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, biz dürli derejelerde Hökümet wekiliýetleriniň saparlaryny yzygiderli guramak we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdyk diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Gepleşikler birek-birege düşünişmek esasynda geçdi we halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini görkezdi. Iki tarapyň hem Merkezi we Günorta Aziýada parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmäge, ynanyşmaga we özara düşünişmäge çalyşýandygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, biz sebitde we dünýäde howpsuzlygy berkitmäge, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almaga aýratyn üns berdik. Halkara-hukuk kadalary we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň berk syýasy-hukuk binýadyny döretmegiň möhümdigini belledik diýip, milletiň Lideri aýtdy .

Türkmenistan we Hindistan halkara gatnaşyklary ulgamyny adalatly we ähli ýurtlaryň bähbitlerini hasaba almak bilen ýola goýmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu bolsa, syýasy gatnaşyklarda ösüp gelýän ýurtlaryň ornuny berkitmegi göz öňünde tutýar. Şu gün geçirilen gepleşikler iki tarapyň hem şu maksatlara eýerýändigini tassyklady. Döwletleriň deňhukukly we adalatly gatnaşyklary alyp barmagynyň möhümdigini, halklaryň öz ygtyýarlygyna we hukuklaryna hormat goýmagy biziň ykrar edýändigimizi görkezdi. Şoňa görä-de, Türkmenistan bilen Hindistan ähli gapma-garşylykly we dawaly meseleleri parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözmek ugrunda çykyş edýärler diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, taraplar gatnaşyklaryň deňhukukly we özara bähbitli esasda alnyp barylýandygyna ýokary baha berdiler. Bu gatnaşyklar dünýä giňişliginde biziň ýurtlarymyzyň arkalaşykly hereket etmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Biz halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregi goldamagy dowam etmek barada ylalaşdyk diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli giňeltmegiň möhümdigini belledik. Sebäbi, Goşulyşmazlyk Hereketiniň maksatlary häzirki döwürde dünýäniň ençeme sebitlerinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň bardygy bilen bagly aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Döwlet Baştutany halkara howpsuzlygynyň täze wehimlerine, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, transmilli jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde hem mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmek barada ylalaşylandygyny aýtdy. Milletiň Lideri

Premýer-ministr bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berlendigini habar berip, taraplaryň Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözüp boljakdygyny belländiklerini nygtady. 

Soňra döwlet Baştutany energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesi barada durup geçip, bu babatda  «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Bu taslama gatnaşýan döwletleriň bilelikde geçiren işleriniň netijesinde, bu ugurda gepleşikleriň tamamlanyp barýandygyny belledik. Nesip bolsa, ýakyn wagtda biz «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirip başlarys diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Bu gaz geçirijiniň gurulmagy taslama gatnaşýan ähli ýurtlar üçin ykdysady taýdan bähbitli bolar diýip, döwlet Baştutany belledi we bu gaz geçirijisiniň sebitde durnukly ösüşi berkitmäge, oňa gatnaşýan döwletleriň özara düşünişmegine we ynanyşmagyna uly goşant goşjakdygyny nygtady. Bu bolsa, döwletleriň ykdysady taýdan ösmegine we syýasy taýdan ýakynlaşmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistanyň Premýer-ministrine we Hökümetine bu taslamany goldaýandygy we ony taýýarlamagyň ähli tapgyrlaryna işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şu gün geçirilen gepleşikler biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýändigini subut etdi. Şeýle hem, giň gerimli önümçilik we tehnologik hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin ähli şertleri döretmäge iki tarapyň hem taýýardygyny aýdyň görkezdi diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. 

Milli Lideri energetika pudagynda, kommunikasiýa ulgamynda, himiýa we derman senagatynda, oba hojalygynda, ýokary tehnologiýalar we syýahatçylyk ulgamlarynda, şeýle hem beýleki birnäçe ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň we Hindistanyň «Gündogar–Günbatar» hem-de «Demirgazyk–Günorta» ugurlary boýunça ulag-üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmakda bilelikde iş alyp barmagy maksat edinýändiklerini nygtady.

Biz Mumbaýdaky hindi portuny Eýranyň Pars aýlagyndaky portlary bilen birleşdirýän «Demirgazyk–Günorta» halkara ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşmak barada hindi tarapynyň çakylygyny gyzyklanma bilen öwrenýäris diýip, milletiň Lideri aýtdy. Taslamany durmuşa geçirmekde «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýoly möhüm orny eýeläp biler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman» üstaşyr-ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşmak baradaky meselä seretmegiň hindi tarapyna teklip edilendigini belledi.

Döwlet Baştutany gepleşikleriň medeni-ynsanperwer meselelerine geçip, biziň halklarymyzy köp asyrlyk taryhy gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigini, häzirki döwürde olaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy. 

Milletiň Lideriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine habar berşi ýaly, gepleşiklerde Türkmenistanyň we Hindistanyň baý taryhy-medeni mirasy bilen halklarymyzy giňden tanyşdyrmak üçin bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyldy.

Ylym we bilim ulgamlarynda, hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda Ylymlar akademiýalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada hem ylalaşyk gazanyldy.

Döwlet Baştutany jenap Premýer-ministri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrandygyny habar berdi. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistanyň Premýer-ministri bilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, bu saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Olar söwda-ykdysady, medeni, ylmy, ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda arkalaşykly hereket etmegiň uly mümkinçiliklerini peýdalanmaga ýardam berer.

Türkmenistan Hindistana ygtybarly hyzmatdaşlyk edýän doganlyk ýurt, sebit hem-de ählumumy syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikirdeş döwlet hökmünde garaýar diýip, milletiň Lideri aýtdy we şu gün geçirilen gepleşikleriň iki döwletiň hem strategik maksatlarynyň gabat gelýändigini tassyklandygyny nygtady. Bu bolsa, türkmen we hindi halklarynyň, şeýle hem sebitiň beýleki ýurtlarynyň we halklarynyň, tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitlerine laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşyny tamamlap, Premýer-ministr, Narendra Modä, Hindistanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna saparyň netijeli bolmagy ugrunda edýän tagallalary üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip,  Hindistanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Hindistanyň Premýer-ministri gepleşikleriň netijelerini teswirläp, Türkmenistana gelip görmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, ol ak mermerli Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine örän şatdyr. Türkmen paýtagty Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde gazanylan ägirt uly üstünlikleriň aýdyň beýany bolup durýar.

Jenap Narendra Modi milletiň Liderine we ähli türkmen halkyna myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Hindistanyň  Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini aýtdy. Şol gatnaşyklaryň esasyny bolsa iki halky birleşdirýän we ýakynlaşdyrýan köp asyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar düzýär. Şunuň bilen baglylykda, ilaty 1 milliard 250 million adamdan hem geçýän, ykdysadyýeti okgunly ösýän  Hindistanyň we ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Hindistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistan bolsa şol sebitde möhüm orun eýeleýär diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma   bildirilýän meseleler, şol sanda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga, Merkezi Aziýa sebitiniň geljegine, terrorçylyga we ekstremize garşy göreşmäge degişli meseleler barada pikir alşyldy diýip, Narendra Modi belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri möhüm halkara meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň  laýyk gelýändigini aýtdy.

Gepleşikleriň barşynda Günorta we Merkezi Aziýanyň ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy. Belent mertebeli myhman bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentine bu meselede goldawy üçin hoşallyk bildirdi. Jenap Narendra Modi TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny netijeli hyzmatdaşlygyň mysallarynyň biri hökmünde görkezdi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň we tutuş sebitiň halklaryna uly peýda getirer. Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri şeýle hem hindi tarapynyň dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiligini öwrenmek baradaky teklibini  öňe sürendigini aýdyp, hususan-da, Türkmenistanyň we Hindistanyň Eýranyň üstünden geçýän demir ýol arkaly ulag gatnaşyklaryny ösdürip biljekdiklerini belledi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, belent mertebeli myhman Hindistanyň nebitgaz kompaniýalarynyň Aşgabatda öz wekilhanalaryny açmaga isleg bildirýändigini tassyklady, şeýle hem Nebithimiýa pudagyny we mineral dökünleriň önümçiligini hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Narendra Modi Hindistanyň bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde öndürilen önümleri, şol sanda dökünleri öz bazarlarynda ýerlemäge taýýardygyny nygtady. Belent mertebeli myhman şeýle hem Hindistana berýän goldawy, şol sanda onuň Aşgabat ylalaşygyna goşulmak baradaky meýline ýardam berýändigi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdy. Öz tarapyndan, Hindistan Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gurluşygy taslamasyna goşulmagyny goldaýar. Şunda Türkmenistan-Gazagystan-Eýran demir ýoly möhüm orun eýeläp biler. Nygtalyşy ýaly, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk iki döwletiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrar.

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri şeýle hem bilim we hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Aşgabatda hereket edýän Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezini mysal getirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny şanly sene--Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Jenap Narendra Modi ýurdumyza bolan saparynyň we geçirilen gepleşikleriň netijelidigini belläp, mundan beýläk hem türkmen-hindi gatnaşyklarynyň okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi we türkmen döwletiniň Baştutanynyň saparyna  sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru