Aşgabatda Orta Aziýada iň iri halkara howa menziliniň gurluşygy güýçlendirilen depginde dowam etdirilýär

0
1211
2
0

“Polimeks” türk kompaniýasy Aşgabatda täze howa menzili toplumynyň gurluşygyny güýçlendirilen depginde dowam etdirýär. Bu ägirt uly çäkde ýurduň ähli welaýatlaryndan diýen ýaly dürli gurluşyk hünärli işçileriň takmynan 10 müňüsi we “Polimeks” türk kompaniýasynyň hünärmenleriniň 1300-den gowragy Orta Aziýada iň iri halkara howa menziliniň düzümine girjek desgalaryň birbada kyrkysyny gurýarlar.

Daşky keşbi uçuş mahaly ganat gerýän laçyny ýatladýan, 180 müň kwadrat metr meýdany bolan uly ýolagçy terminaly howa menzili toplumynyň iň ähmiýetli bölegi bolar. Bu howa derwezesi arkaly her sagatda ýolagçylaryň 1600-si kabul ediler we ugradylar.

Terminalda amatly şertler döredilen garaşylýan we hasaba alyş zaly, sensor elektron sowal-jogap ulgamy, petek satylýan kassalar, internet-kafe, aragatnaşyk bölümi, telefon enjamlary, daşary ýurt puly çalşylýan kassalar, bankomatlar, goş saklanýan kameralar, kafeteriler, restoranlar, duty-free dükanlary ýerleşer. Bu ýerde uçara erk edijilere we üstaşyr ýolagçylara, enelere we çagalara niýetlenen otaglar, ýörite çagalar meýdançalary, ilkinji lukmançylyk kömegi berilýän otaglar, metbugat önümleri satylýan dükanjyklar maslahatlar zaly, muzeý, üstaşyr ýolagçylar üçin myhmanhana göz öňünde tutulandyr.

Uzynlygy 3,8 kilometr we ini 75 metre barabar “Günorta” uçuş-gonuş zolagyny döretmekde gurluşykçylar innowasion tehnologiýalardan we iň täze harytlardan peýdalandylar. Öz häsiýetnamasy — ýük göterijiligi, uzynlygy we radio gämi gatnaw we yşyk signalyny berýän enjamlar bilen üpjün edilenligi boýunça “Günorta” uçuş-gonuş zolagy iň çylşyrymly ýeri göz öňünde tutulyp, IKAO halkara guramasy tarapyndan hasaba alnan uçarlaryň ähli görnüşlerini kabul etmäge niýetlenendir. “Demirgazyk” uçuş-gonuş zolagy hem hut şeýle häsiýetnama eýe bolar. Ony täzeden gurmak we toplumyň ýanaşyk çäklerini abadanlaşdyrmak işleri “Günorta” uçuş-gonuş zolagynyň gurluşygy tamamlanansoň başlanar.

Gurluşyk merkezinde habar berlişi ýaly, eýýäm howa menzili toplumynyň 11 desgasynyň  gurluşygy tamamlandy. Olarda howa menziliniň harbylaşdyrylan gorag gullugy, howa menziliniň hyzmat ediş gullugy, uçuşlary radiotehniki we yşyktehniki taýdan üpjün edýän baş baza we beýlekiler ýerleşdiler.

Uçuş-gonuş zolagynyň ýakynyndaky awariýa-halas ediş stansiýasynyň, ýylda 200 müň tonna ýük saklamaga niýetlenen ýük terminalynyň jaýlarynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ýük terminalynyň gabat garşysynda awiasion-tehniki bazanyň binasy we üç uçara niýetlenen “C-cheek” tehniki merkeziň demirgurnama angary howalanyp dikelip gelýär.

Toplumyň iň owadan binalarynyň biriniň — VIP-terminalyň gurluşygynda hem işler güýçli depginde alnyp barylýar. Bu ýerde hormatly myhmanlaryň kabul edilmegi, duşuşyklaryň, ýygnaklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. VIP-terminalynyň 2016-njy ýylyň fewralynda ulanylyşa taýýar edilmegine garaşylýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru