“Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisiniň nobatdaky bölegi barlagdan geçirilmäge taýýarlanylaýar

0
555
0
0

Gurluşygy dowam etdirilýän “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisiniň Şatlygyň gaz gysyjy desgasyndan Altyn sähra çenli 37 kilometrlik bölegi berklik we jebislik barlagyny geçmäge doly taýýar edildi. “Marynebitgazgurluşyk” trestiniň gurluşykçylary ýakyn wagtlarda ýöriteleşdirilen kömekçi potrat edaralary bilen bilelikde onuň barlagyna girişerler.

Tejene çenli soňraky 50 kilometrlikde emeli demir ýol düşeginiň awtomobil ýolunyň, suw geçiriji ulgamyň üstünden geçmek boýunça ýeňil bolmadyk iş garaşýar. Munuň üçin ykdysady taýdan ýokary tygşytly häzirki zaman usullary, şol sanda kese ugur boýunça burawlamak usullary ulanylar.

800 kilometre uzaýan “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisiniň tutuş ugry boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. “Türkmengaz” Döwlet konserniniň buýurmasy boýunça ony “Türkmennebitgazgurluşyk” konserniniň bölümleri ýöriteleşdirilen kömekçi potrat edaralary bilen bilelikde alyp barýar.

Geçirijiligi ýylda 30 milliard kubometre barabar boljak bu giň möçberli transmilli taslama şäherleriň we obalaryň ilatyny we senagat kärhanalaryny üpjün etmek üçin ýurt möçberinde gaz geçirijilerini halkalaýyn birleşdirmäge, şeýle hem uglewodorod ýangyjyny halkara bazarlaryna ibermäge gönükdirilendir.

Gaz geçirijiniň gurluşygyny şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamak bellenilýär.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru