“Gazprom eksport” Türkmenistan bilen gaz satyn almak we satmak baradaky şertnamasynyň ylalaşyklaryny bozýar

18:1110.07.2015
0
3740

“Gazprom eksport” JÇB-i öň “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen gol çekişen şertnamasynyň ylalaşyklaryny bozýar. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, satyn alynýan türkmen tebigy gazynyň mukdaryny ep-esli azaldylandygyna garamazdan, “Gazprom eksport” 2015-nji ýylyň başyndan bäri alan gazy üçin doly hasaplaşyp bilenok.

 “Gazprom eksport” ýüze çykan ýagdaýa hiç hili düşündiriş bermese-de, Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz korporasiýasyna salgylanmak bilen, “Gazprom eksportyň” birtaraplaýyn esasda Türkmenistandan satyn alynýan tebigy gazyň bahasyny peseltmek kararyna gelendigi baradaky çaklamalary aýdylýar. Hamala bu karar Ýewropada “mawy ýangyjyň” satyn alnyş nyrhlarynyň peselýändigi bilen baglymyşyn.

Şeýlelik bilen, “Türkmengaz” döwlet konserni gaz ibermek bilen baglanyşykly türkmen tarapy bilen baglaşylan şertnamada ylalaşylmadyk baha peseltmegiň Russiýanyň kompaniýasy tarapyndan gönüden-göni şertnamalaýyn borçlaryň bozulmagy bolup durýandygyny tekrarlaýar. Türkmenistan gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, Russiýa tebigy gaz ibermegi üpjün etmäge taýýar şol birwagtyň özünde “Gazprom eksporty” öz üstüne alan borçlaryny dürs ýerine ýetirmäge çagyrýar.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň