Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda elektron enjamlarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligi boýunça kärhanalary döretmegiň döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

06:2510.07.2015
0
3992

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

Bu Karar ýurdumyzyň senagatynda innowasion esasda elektron pudagy döretmek we ösdürmek, bäsleşige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagaty döretmek hem-de içerki we daşarky bazarlara gönükdirilen elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek, ykdysadyýetiň gaýtadan işleýän we bazar üçin  ahyrky önümleri öndürýän önümçilik pudaklaryny hem-de üpjünçilik ulgamlaryny döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmagyň 2016-2020-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Senagat ministrligine, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna hem-de beýleki degişli ministrliklere we pudak edaralaryna Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň bellenen möhletlerde talabalaýyk amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň