Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti jogapkärli wezipelerde birnäçe üýtgeşmeleri geçirdi

04:5010.07.2015
0
7642

Türkmenistanyň Prezidenti şu günki bolup geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jogapkärli wezipelerde birnäçe üýtgeşmeleri geçirdi.

Häkim M. Nurmämmedow bilen bilelikde Ahal welaýatynyň ýolbaşçy düzümi doly täzelenildi.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň häkiminiň wezipesine A.Ýazmyradowy belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesinden boşatdy.

Oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň  wezipesine Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden  boşadylan Esenmyrat Orazgeldiýew bellenildi.

Döwlet Baştutany täze wise-premýere oba hojalygyny özgertmek boýunça teklipleri taýýarlamak üçin bir aý wagt berip, ekin dolanyşygyny talaba laýyk ýola goýmagy, ýerleri esasy ekinler, ozaly bilen, galla we pagta üçin örän gowy bejermegi, oba hojalyk pudagynda hojalygy ýöretmegiň haýsy usulyny – kärende usulynymy ýa-da fermerçilik görnüşinimi, ýa bolmasa, beýleki görnüşlerini ulanmagyň has peýdaly we netijeli boljakdygyny anyklamagy tabşyrdy. Şeýle hem suw serişdelerini netijeli ulanmak, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, miweleri öndürmek we gaýtadan işlemek, şeýle hem tohumçylyk bilen bagly meseleler barada durup geçdi.

Oba hojalygyny ösdürmek bilen bagly tekliplere sentýabr aýynda geçiriljek Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynda serediler.

Döwlet Baştutany Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine Orazmyrat Gurbannazarowy belläp, ony Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşatdy.

Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Kuly Kulyýew bellenildi, ol ozal bu birleşigiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi. 

W.Abdylhekimow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, ykdysadyýet we ösüş ministri wezipesinden boşadyldy.

Ykdysadyýet we ösüş ministri wezipesine Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysadyýet meseleleri boýunça komitetiniň başlygy Ýoldaş Şeripow bellenildi. 

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, G.Baýrammyradow gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşadylyp, bu wezipä ministriň orunbasary bolup işlän Çary Ataýew bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýet we maliýe meselelerine jogap berýän orunbasarynyň işine nägilelikleri bildirip, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin A.Goçyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça orunbasary wezipesine Bäşimmyrat Hojamämmedowy belläp, ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine Durdy Durdyýew bellenilip, ol  Türkmenbaşy şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň