Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

04:3010.07.2015
0
9474

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 

Hormatly adamlar!

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemlemek bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňümizde durýan wezipeler barada durup geçmek isleýärin.

Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we jemgyýetçilik durmuşynda ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Soňky döwürde abraýly halkara ykdysady we maliýe guramalarynyň ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine berýän ýokary bahalary hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwletimiziň daşary syýasaty öňküsi ýaly Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalary bilen giňden hyzmatdaşlyk etmek esasynda amala aşyrylýar. Biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň uzak möhletleýin maksatlary bu guramalaryň maksatlaryna laýyk gelýär.

Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan daşary syýasaty energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, ekologiýa meselelerini çözmäge, ulag üpjünçilik ulgamlaryny, ylmy we medeniýeti ösdürmäge, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, mähriban halkymyzyň bähbidine dünýäde agzybirligi berkitmäge we durnukly ösüşi goldamaga gönükdirilendir.

Biziň alyp barýan içeri syýasatymyz barada aýdylanda bolsa, şu ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijeleri ýurdumyzyň içerki we daşarky mümkinçilikleriniň ýeterlikdigini görkezdi. Bu bolsa, daşary ýurtlarda bolup geçýän hadysalaryň ykdysadyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirlerini belli bir derejede azaltmaga mümkinçilik berdi. Jemi içerki önümiň depginini ýokary derejede saklamak üçin oňyn şertleri döretdi. Şeýle ösüş depgini bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda diýen ýaly gazanylan üstünlikleriň netijesinde mümkin boldy.

Şonuň bilen birlikde, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny bellemek isleýärin. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady ösüşine hususy pudagyň goşandy barha artýar. Ýurdumyzyň durmuşynda, aýratyn hem gurluşyk, söwda we ilata hyzmat ediş ulgamlarynyň ösüşinde hususy pudagyň tutýan orny ýokarlanýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna öz    oňyn täsirini ýetirýär.

Biz ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny alyp barýarys. Netijede, hususy we döwlet eýeçiligindäki pudaklara gönükdirilýän maýa goýumlarynyň  möçberleri barha artýar. Geçen döwür bilen deňeşdirilende ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 7,9 göterim artdy. Ortaça zähmet haklarynyň möçberi hem 10 göterim köpeldi. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti hem bellenen çäkde durnukly saklanýar.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde köp sanly binalar we desgalar guruldy we köp sanly desgalaryň bolsa, gurluşygy dowam edýär. Gurulýan desgalaryň hatarynda howa menzillerini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky desgalary, nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmegini, döwrebap ýaşaýyş  jaýlaryny, multimedia enjamlary bilen üpjün edilen mekdepleri, häzirki zaman çagalar baglaryny, saglygy goraýyş    edaralaryny, medeniýet öýlerini, sport desgalaryny, senagat kärhanalaryny, 48 sany maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny görkezmek bolar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda biz 114 sany desgany, ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ulanmaga berdik. Şu döwürde täze gurlan desgalaryň işe girizilmegi netijesinde, ýedi müňden gowrak täze iş orunlary döredildi.

Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek    boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Bu ugurda import harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça täze kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirip başladyk. Netijede, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça uly işleri amala aşyrýarys. Biz öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmak üçin anyk maksatlara gönükdirilen işleri durmuşa geçirýäris.

Biziň esasy maksadymyz ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek bolup durýar. Döwletimiz tarapyndan bu örän möhüm ugurda – senagat    pudagynda iri taslamalary durmuşa    geçirmäge gönükdirilýän uly möçberdäki maýa goýumlary Garaşsyz Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin goýlan maýa    goýumlarydyr.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Şu ýyl başlan işlerimizi üstünlikli tamamlamak üçin, biz entek yhlas bilen zähmet çekmelidiris.

Daşary syýasatda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatymyzy dowam ederis. Dünýäniň dürli ýurtlary, aýratyn hem, goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça zerur işleri durmuşa geçireris.

R.Meredow, Daşary işler ministrligi Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen köp ugurly, çeýe we oýlanyşykly strategiýany amala aşyrmagy dowam etmeli.

Biz şu ýylyň ikinji ýarymynda ýurdumyzda iri halkara maslahatlarynyň birnäçesini geçirmegi göz öňünde tutýarys. Şeýle hem, ýurdumyzyň Hökümet     wekiliýetiniň daşary ýurtlara saparlary amala aşyrylar, birnäçe daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetlerini bolsa, ýurdumyzda kabul ederis. Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyna, beýleki syýasy we guramaçylyk çärelerine düýpli taýýarlyk görmek we olary ýokary    derejede geçirmek hem öňümizde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

B.Hojamämmedow, ykdysadyýet we maliýe toplumyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary. Ýurdumyzda makroykdysady dolandyryşy gowulandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli. Maliýe we bank ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagy dowam etmeli. Gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek, hususylaşdyrmak boýunça zerur işleri amala aşyrmaly.

Üpjünçilik, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna we täze tehnologiýalary    ornaşdyrmaga köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet haklarynyň möçberini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmeli. Şonuň bilen birlikde, kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Kabul edilen maksatnamalarda öňde goýlan wezipeleriň bellenen möhletlerde amala aşyrylmagyny gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli.

A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisi milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň täze, kämilleşdirilen nusgasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli.

A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, häkimler, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, geljek ýylyň Döwlet býujetini işläp taýýarlamaga häzirden girişmeli. Geljek ýylyň Döwlet býujeti durmuş maksatlaryna gönükdirilen bolmalydyr. Döwlet býujetinde mähriban halkymyzyň hal - ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen serişdeleri göz öňünde tutmaly!

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy çäre bolan Ýaşulularyň maslahatyny geçirmäge hem häzirden gowy taýýarlyk görmeli. Nesip bolsa, baş baýramymyz bolan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna çenli, ýagny sentýabr aýynda Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny geçireris. Bu Maslahatda 2016-njy ýylda öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda amala aşyrýan özgertmelerimizi dowam etmek möhüm wezipeleriň biridir.

Şu maksat bilen, S.Toýlyýew,  G.Mezilow, durmuşa geçirilýän özgertmeleri has-da çaltlandyrmaly, ylmy işgärleri    taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmeli. Ylym ulgamynda alnyp barylýan işleri ýurdumyzyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna gönükdirmeli.

Biz Bekrewede ähli şertler göz öňünde tutulan döwrebap Tehnologiýalar merkezini gurup, ulanmaga berdik. Biz bu Merkeziň işinden oňat netijelere garaşýarys. Sebäbi şeýle netijeleri gazanmak üçin wagt ýetdi.

Ýurdumyzyň alymlarynyň tagallalaryny ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga, ylmy - tehniki ösüşi     gazanmaga, häzirki zaman düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirmeli.

S.Toýlyýew, P.Agamyradow, ýakyn wagtlarda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde örän möhüm çäre – ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek wezipesi durýar. Bu çäre bilim ulgamynda amala aşyrylýan     özgertmeleriň nobatdaky tapgyrydyr. Bu çäräni aç-açanlyk ýagdaýynda, hiç bir kemçiliklere ýol bermän, ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini bu işe dahylly ähli ýolbaşçylara ýene-de bir gezek duýdurýaryn.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde zehinli we zähmetsöýer ýaşlar bilim    almalydyrlar. Ýokary we orta mekdeplerde tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegine aýratyn üns bermeli.

S.Toýlyýew, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri. Täze okuw ýylyna çenli häzir gurluşygy alnyp barylýan mekdepleri ýokary hilli gurup, ulanmaga bermeli. Şeýle hem, ähli ýokary we orta okuw mekdepleriniň binalarynda abatlaýyş işlerini geçirmeli.

Hormatly adamlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine şu ýyl 20 ýyl dolýar. Biz bu şanly baýramy ýokary derejede we guramaçylykly belläp geçmeli.

«Saglyk» döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilen döwründe ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça düýpli özgertmeler durmuşa geçirildi. Şu döwürde saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Şoňa görä-de, bu şanly sene  mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň aýratyn tapawutlanan işgärlerini döwlet sylaglaryna hödürlemegi teklip edýärin.

E.Orazgeldiýew, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, oba hojalyk     toplumynyň ýolbaşçylary. Siz oba hojalygy boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek ugrunda netijeli işleri alyp barmaly.

Häzir orak möwsümi tamamlanyp barýar. Şoňa görä-de, ýetişdirilen galla hasylynyň iň soňky dänesine çenli zaýasyz ýygnap almak üçin, ähli zerur çäreleri görmeli. Häzire çenli ýygnalan galla hasyly ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini aýdyň görkezýär. Bol galla hasylynyň ýygnalandygyny göz öňünde tutup, gallanyň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça hem zerur işleri geçirmeli.

Häzirki döwürde ekin meýdanlarynda oňat pagta hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Pagtaçylyk pudagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde tutýan ornunyň möhümdigini nazara alyp, gowaça ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreleriň ählisini bellenen möhletlerde we talaba laýyk geçirmeli. Ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde ýygnap almak üçin, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme häzirden doly taýýar etmeli.

E.Orazgeldiýew, M.Artykow, B.Hojamämmedow, häzirki zaman suw tygşytlaýjy suwaryş ulgamlaryny, şol sanda emeli ýagyş ýagdyryş we damjalaýyn suwaryş usullaryny oba hojalygyna giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna siziň ünsüňizi ýene-de bir gezek çekýärin.

Ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen Maksatnamany durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere hem aýratyn üns bermeli.

M.Artykow, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça köp sanly binalaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Bu binalaryň we desgalaryň ählisiniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde gurlup, ulanmaga berilmelidigine siziň ünsüňizi çekýärin. Şeýle hem, ýollary, ýaşaýyş jaý gaznasyndaky jaýlary, şäherlerdäki hem-de obalardaky seýilbaglary we seýilgähleri talaba laýyk ýagdaýda saklamaga aýratyn üns bermeli. Şu ýyl ýurdumyz boýunça umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 58 sany iri desganyň    gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu ýeňil bolmadyk wezipedir. Bu wezipäni üstünlikli çözmek, esasan hem, A.Dadaýew, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişlidir.Sebäbi biz telekeçilere iri gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmagy ynandyk.

Şoňa görä-de, täze okuw ýylyna, baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk baýramyna hem-de ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyna çenli tabşyrmak göz öňünde tutulan binalaryň we    desgalaryň ählisiniň gurluşygyny hökman tamamlamaly.

Şonuň bilen birlikde, 2016-njy ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyny taýýarlamaga häzirden girişmeli. Ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary gurmak,  öňküsi ýaly, gurluşyk maksatnamasynyň esasy ugry bolmalydyr.

Şoňa görä-de, 2016-njy ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlaň hem-de Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynda seretmek üçin hödürläň! Bu Maksatnamany ýerine ýetirmek üçin gerek boljak ähli serişdeleri geljek ýylyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutuň!

B.Ereşow, senagat toplumynyň ýolbaşçylary. Biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek we şu maksatlardan ugur alyp, bilelikdäki senagat kärhanalaryny döretmek boýunça oňat döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarladyk we kabul etdik. Bu maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri gysga wagtyň içinde çözmek häzirki döwürde möhüm wezipe bolup durýar.

Bar bolan senagat kärhanalaryny döwrebap ýagdaýa getirmek, bilelikdäki we hususy eýeçilikde işleýän täze kärhanalary döretmek we olara goldaw bermek boýunça hem zerur işleri alyp barmaly. Biz ýurdumyzda oňat hak tölenýän, ýokary hünärli we taýýarlykly işgärleri talap edýän täze iş orunlaryny döretmäge aýratyn üns bermelidiris.

M.Ýazmuhammedowa, Medeniýet ministrliginiň, gazet - žurnallaryň we    teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylary. Biz soňky ýyllarda medeniýet ulgamynda kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady döretdik. Döredilen bu oňyn şertleri we uly mümkinçilikleri doly we talaba laýyk ulanmak siziň öňüňizde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Welaýatlaryň häkimleri Medeniýet ministrligi bilen bilelikde Türkmenabat şäherinde gurlan dynç alyş merkezi ýaly merkezleri ähli welaýatlarda gurmaly.

Medeniýet ulgamynyň ösüşini täze derejä çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Biziň ýurdumyz bilen sebitiň we dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da ösdürmeli we berkitmeli. Zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykarmak we olaryň dünýäde meşhurlygyny gazanmak boýunça netijeli işleri alyp barmaly.

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmeli. Her ýyl ýurdumyzda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi şu ýyl hem ýokary derejede we guramaçylykly geçirmeli. 

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy we Täze ýyl baýramy mynasybetli täsirli baýramçylyk       çykyşlaryny, gyzykly gepleşikleri taýýarlap, teleýaýlymlarda görkezmeli.

Teatrlarda ýokary derejede çeper, täze sahna oýunlaryny goýmaly. Berkarar Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň şan-şöhratyny we abraý-mertebesini     belende göterýän täsirli eserleri, şol sanda sahna eserlerini we aýdym - sazlary    döretmeli.

B.Hojamuhammedow, Ý.Kakaýew, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary. Ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Pudagy ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan nebit we gaz geçirijileri ýokary hilli gurmaly. Täze nebit we gaz ýataklaryny açmak, açylan ýataklary özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmeli.

S.Satlykow, ulag we aragatnaşyk pudagynyň ýolbaşçylary. Aragatnaşyk serişdelerini, aýratyn hem, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Pudaklara täze tehnologiýalary we Internet ulgamyny netijeli ornaşdyrmaly.

Ýakynda älem giňişligine çykarylan ilkinji aragatnaşyk emeli hemramyzy doly güýjünde işletmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmaly. Ýurdumyzyň ikinji, pes orbitada işleýän hemra ulgamyny älem giňişligine çykarmak bilen bagly meseläniň üstünde hem işlemeli. Bu emeli hemra ulgamynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna hyzmat etmegini göz öňünde tutmaly.

Häzir tomus möwsümi dowam edýär. Şoňa görä-de, ulaglaryň ähli görnüşleri bilen gatnadylýan ýolagçylaryň sany barha artýar. Bu bolsa, siziň ýolbaşçylyk edýän pudaklaryňyzda müşderilere we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmagy talap edýär. Aýratyn hem, demir ýol we howa ýollary ulgamynyň işgärleri ilata öz edýän hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga uly üns bermelidirler.

Häzirki döwürde ulag we aragatnaşyk pudagynda kärhanalary paýdarlar      jemgyýetlerine öwürmek boýunça işler dowam edýär. Şu ýyl bu ugurda alnyp barylýan işleri tamamlamak hem siziň öňüňizde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

 

P.Taganow, söwda ulgamynyň ýolbaşçylary. Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Bu ugurda ýurdumyzyň telekeçileri giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň telekeçilerine hemmetaraplaýyn giň goldaw bermek boýunça alyp barýan syýasatymyzy biz geljekde hem dowam ederis.

Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň telekeçilerine millionlarça manatlyk iri gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegi ynanyp başladyk. Şoňa görä-de,     A.Dadaýew, döwlet edaralary bilen bilelikde ýurdumyzda taslamalaryň ähli görnüşlerini durmuşa geçirmäge ukyply gurluşyk kärhanalaryny döretmek siziň öňüňizde durýan esasy wezipeleriň biri bolmalydyr.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Çykyşymy tamamlamak bilen, umuman, şu ýylyň birinji ýarymynda oňat    netijeleriň gazanylandygyny bellemek isleýärin. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda täze gurlan Mejlisler merkezini dabaraly açyp, ulanmaga berenimizden soň, 22-nji iýuldan başlap, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna we beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýärin. Siz isleseňiz, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp bilersiňiz. Eger-de kim islese, beýleki dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýa-da «Arçman», «Ýyly suw» we beýleki şypahanalarda dynç alyp biler.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip gutarýarys. Men size berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň