Janly tebigatyň milli muzeýinde ýolbars çagajyklarynyň üçüsi dünýä indi

07:0709.07.2015
0
9739

Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýinde haýwanlaryň sany köpeldi. Saryja we Akja atly ýolbarslar täze nesil berdiler. 26-njy iýunda üç sany ýolbars çagajyklary dünýä indi.

Ene ýolbars we çaga ýolbarsjyklar özüni oňat duýýar. Olaryň hemmesiniň işdäsi gowy, Akjanyň iýmitine goşmaça ýokumly maddalar goşuldy. Ýolbarsjyklaryň agramy artýar, olar eýýäm ýörejek bolýarlar we töwereginde bolýan zatlara gyzyklanma bildirýärler. Ýene iki aýdan, ýolbarsjyklar durmuşa doly uýgunlaşanlaryndan soň olara at beriler. Şonda ýolbarslar maşgalasyna janly muzeýe gelip görýänler tomaşa edip bilerler.

Kyrk gektar meýdanda ýerleşen muzeýde ýabany we eldeki haýwanlaryň, guşlaryň, sürenijileriň, balyklaryň 250 görnüşinden gowragy bar. Olaryň köpüsi Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň we Türkmenistanyň Gyzyl kitaplaryna girizilendir.

Haýwanat bagy dört zolaga bölünýär: Afrika sawannasy we ýyrtyjy haýwanlar, toýnakly jandarlar we guşlar. Bu ýerde Günorta Afrikanyň haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri, Türkmenistanyň daglyk, çöllük, suwlyk we tokaýlyk künjeklerinde ýaşaýan jandarlarynyň dürli wekilleri bar, olar milli goraghanalaryň we zakaznikleriň gymmatly genofondydyr. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Tebigatyň janly muzeýine sowgat beren jandarlary muzeýiň gymmatly gaznasynyň üstüni ýetirdi.

Haýwanlary saklamagyň şertleri tebigy şertlere golaýdyr. Bu ýerde olaryň oňat ýagdaýda saklanmagy we köpelmegi üçin ähli şertler döredilendir. Haýwanlary gyşyna saklamak üçin gurnalan giň ýapyk binalaryň açyk meýdançalara çykalgalary bar, suwdan doldurylan howuzlarda guşlaryň dürli görnüşleri erkana ýüzýär, aýlawly athana hem bar. Muzeýiň ylmy işgärleri we gözegçileri haýwanlaryň bu ýere uýgunlaşmagy ugrunda toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Muzeý toplumy açylaly bäri bu ýerde düýe guşlary, suwgunlar we beýleki haýwanlar täze nesil berýär, olar köpelýärler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň