Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Ermenistan ykdysady we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

11:0008.07.2015
0
2821

7-nji iýulda  Ermenistanyň Milli ýygnagynyň başlygy Galust Saakýan parlamentde türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy kabul etdi.

Ermenistanyň Milli ýygnagynyň metbugat gullugynda Ermenistanyň täzelikleri — NEWS.am agentligine habar berlişi ýaly, spiker Galust Saakýan täze işe başlan ilçisi Ermenistanda diplomatik işiniň başlanmagy bilen gutlady. Ol parlamentiň ilçihanalar bilen hemişe hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, olaryň dostlukly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekdäki ornuna ýokary baha berdi. Parlamentiň baştutany Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni we ykdysady ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow kabul edişlik üçin minnetdarlyk bildirip, dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin elinde baryny etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler parlamentarileriň özara saparlarynyň wajyp ähmiýetini belläp, ýakyn wagtda täze maksatnamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara bähbitli beýleki meselelere degip geçdiler.          

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň