Arhiw

Farap — Garlyk awtomagistralynyň gurluşygy güýçlendirilen depginde dowam etdirilýär

08:5908.07.2015
0
5563

“Türkmenhowaýollary” Döwlet konserniniň “Lebapgurluşyk” welaýat önümçilik birleşigi Amyderýanyň sag kenarynda umumy uzynlygy 375 kilometr bolan Farap — Garlyk awtomagistralynyň gurluşygyny güýçlendirilen depginde dowam etdirýär.

Eýýäm täze Garlyk şäherçesinde ýol infrastrukturasyny döretmek işi tamamlandy. Köýtendag — Mukry — Amyderýa böleginiň 100-nji kilometrinde “Gara ýollary” iş dolandyryş müdirliginiň iş topary bilen bilelikde asfaltyň birinji gaty doly ýazyldy.

Magistralyň Kerkiçiden uzak bolmadyk ýerdäki bölekleriniň birinde “Gara ýollary” iş dolandyryş müdirligi dürli tehnikalaryň 100-den gowragynyň hyzmatyndan peýdalandy. Öz üstüne ýüklenen wezipä hötde gelen bu kärhana asfaltlanan ýoluň 36 kilometrini çekdi we indi öz işini beýleki gurluşyklarda dowam etdirer.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň