Aşgabatda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça türkmen-koreý maslahaty geçirildi

0
789
0
0

7-nji iýulda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça türkmen-koreý maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy. Maslahatyň esasy maksady tejribe alyşmakdan hem-de täze tehnologiýalar esasynda taslamalar we hyzmatlar bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Işewür duşuşyga gatnaşmak üçin paýtagtymyza Koreýanyň döwlet kompaniýasynyň - suw serişdelerini dolandyrmak babatda dünýäniň öňdebaryjy “K-water” kompaniýasynyň, “Hyundai Engineering”,  “Doosan Heavy Industry”,  Koreýanyň “KECC” inženerçilik-konsalting korporasiýasynyň, şeýle hem Koreýanyň atom energetikasy boýunça ylmy-barlag institutynyň wekilleri geldiler.

Türkmen tarapyna ýurdumyzyň Suw, Oba we Jemagat hojalygy, Tebigaty goramak ministrlikleriniň we edaralarynyň esasy hünärmenleri we bilermenleri, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri wekilçilik etdiler.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Jong Te-in maslahata gatnaşyjylara gutlag sözünde   özara bähbitli hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy has-da berkitmek   üçin şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Bu hyzmatdaşlyk Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasyna bolan saparynyň barşynda uly itergä eýe boldy. Şonda döwlet Baştutany “Suw biziň geljegimiz üçin” diýen şygar astynda Tegu şäherinde geçirilen 7-nji Bütindünýä suw maslahatynyň işine gatnaşdy.

Ilçi türkmen Lideriniň şol maslahatda “suw diplomatiýasyny” ilerletmek boýunça beýan eden başlangyçlarynyň ähmiýetiniň örän uludygyny belläp, suwy rejeli peýdalanmak wezipelerini çözmekde baý tejribesi bolan Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň bilelikdäki tagallalary bilen sebitde suw serişdelerini döretmek we dikeltmek, dolandyrmagyň birleşen ulgamyny döretmek arkaly olary oýlanyşykly sarp etmek wezipelerini çözmäge uly goşant goşup biljekdigine ynam bildirdi.

Koreý tarapy Türkmenistanda suw serişdeleriniň ýagdaýy, olary aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak meselelerinde kanunçylyk-hukuk binýady, şeýle hem suw hojalyk ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli maýa goýum taslamalary, şol sanda täze suw howdanlaryny, gidrotehniki we melioratiw desgalaryny gurmagyň taslamalary bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, döwrebap “ýaşyl” we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlary işjeň ornaşdyrmak, tebigaty goramak işlerini amala aşyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş meýilnamasyna” laýyklykda, suw arassalaýjy zawodlar, suwy süýjediji desgalar bina edilýär, bar bolan suw arassalaýjy desgalaryň we suw geçiriji ulgamlaryň durky täzelenilýär.

Garagumuň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmagyň maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň suw serişdelerini aýawly saklamagyň ählumumy meselelerini çözmäge goşýan uly goşandynyň aýdyň mysalydyr.   

Koreý kompaniýalary öz nobatynda degişli ugurda gazanylan täze üstünlikler—suw üpjünçiligini dolandyrmagyň, suwy arassalamagyň we süýjetmegiň, onuň hiline gözegçilik etmegiň öňdebaryjy birleşen  ulgamyny döretmegiň, şeýle hem Smart-AES /energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri/ ulgamyny ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Ýurtda öňdebaryjy “K-water” kompaniýasy – türkmen kärdeşlerini derýalary dikeltmegiň, şol sanda dürli maksatly bentleri hem-de gidroenergetikanyň beýleki desgalaryny gurmagyň, suw joşmalaryndan we gurakçylykdan gorag ulgamyny döretmegiň, ýerli ykdysadyýeti ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Iri taslamalary işläp taýýarlaýan “Hyundai Engineering”,  “Doosan Heavy Industry” hem-de  “KECC”  kompaniýalary hili pes suwlary içimlik derejesine çenli gaýtadan işlemek we arassalamak, durnukly suw üpjünçiligi hem-de senagatda ulanylan suwlary gaýtadan peýdalanmak /”HANT”-tehnologiýasy/  babatda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru