Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi öz diplomatik işine başlady

0
442
0
0

6-njy iýulda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Lahssan Boufaresden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini Türkmenistanda diplomatik işiniň başlamagy bilen gutlady hem-de oňa özara peýdaly hyzmatdaşlygyň we iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçy düzüminiň milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.  Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda ykdysady ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygynyň ýoly bilen ynamly gadam urýar.

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Doly ygtyýarly ilçisi öz ýurdunda döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän “açyk gapylar” syýasatyna hem-de milli Liderimiziň parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy abadançylygyň esaslarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini hem-de olaryň hemmetaraplaýyn goldanylýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milletiň Lideriniň öňe süren hem-de halkymyzyň abadançylygyna we dünýäniň döwletleri, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdyryldy. Ilçä ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuş ugruna gönükdirilendigi,  ylym hem-de bilim, saglygy goraýyş we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler barada gürrüň berildi.  

Diplomat netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn geljegiň bardygyny belläp, taraplaryň nebitgaz we ulag, elektroenergetika ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda  ägirt uly kuwwata  eýedigini nygtady.

Medeni-gumanitar ulgamdaky ýygjam gatnaşyklary, şol sanda Türkmenistan bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýän ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň meseleleri söhbetdeşligiň esasyny düzdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru