Şu gün Gazagystanyň Prezidenti öz 75 ýyllyk ýubileýini belleýär

0
476
5
0

Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew şu gün öz 75 ýyllyk ýubileýini belleýär. Astana bolsa bu gün 17 ýyllygyny baýram edýär. Bu şähere paýtagt derejesi döwlet baştutanynyň teklibi bilen berlipdi.

2008-nji ýylda baýrama döwlet derejesi berildi — Paýtagtyň güni ýurt möçberinde dynç alyş güni bolup durýar. Duşenbe güni ýurduň muzeýleriniň köpüsinde prezidentiň ýubileýine bagyşlanyp sergiler geçirilýär. Nazarbaýewiň özi-de doglan gününi keýpiçaglykda garşylaýandygyny boýun aldy. “Hudaýa şükür, biziň ýurdumyzda asudalyk höküm sürýär” — diýip, syýasatçy TASS-a beren beýanatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, onuň “şahsy meýillerine girmedik şu ýylda geçirilen wagtyndan öňki prezident saýlawlary hemmeler üçin ajaýyp netije bilen başlandy hem tamamlandy”.

Nazarbaýewiň respublikanyň  baştutanynyň wezipesinde 1989-njy ýyldan bäri eýeleýändigini ýatladýarys. 2010-njy ýyldan bolsa Milletiň lideri diýen resmi derejäni göterýär. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru