Workutada tomsuň ortaky aýynda gar ýagdy, öýlerde ýyladyş serişdeleri ulanylýar

0
759
5
0

Workutada, Komi Respublikasynyň demirgazygyndaky şäherde ýekşenbe gününe geçilen gijede garaşylmadyk ýerden gar ýagdy — diýip, “Komiinforum” habar berýär. Howanyň sowamagy bilen, 6-njy iýulyň ýarym gijesinden şäherde ýyladyş möwsümi başlanar. Zapolýar şäheriň ýaşaýjylary sossetlerinde gara basyrylan köçeleriň suratlaryny goýýarlar.

Birneme öňräk respublikanyň meteorologik merkeziniň hünärmenleri adatdan daşary sowuk boljakdygyny çaklapdylar. Olaryň beren bahasyna görä, dynç güni howanyň ortaça temperaturasy 4—6 gradus kadadan pesdi. Respublikanyň demirgazyk-günbatarynda we günorta-gündogarynda sowugyň düşmegine demirgazykdan gelýän sowuk orktiki howa sebäp boldy.

Sowuk howa Kominiň tutuş çäginde iýulyň birinji ongünligine çenli saklanar. Ýekşenbe güni bolsa siklon geler-de, özi bilen ýagyş-ýagmyry we arktiki howanyň ýene bir bölegini getirer — diýip, BNKomi habar berýär.

“Moýa workuta” (“Meniň Workutam”) gazetiniň ýazmagyna görä bimahal düşen gar şäheriň medeni durmuşyna hem öz täsirini ýetirdi. 5-nji iýula bellenilen Iwan Kupalanyň baýramy süýşürildi. “Zapolýar welogijesi” bolsa diýseň az adamly boldy. Bu çärä gardan we ýelden heder etmedik dokuz welosipedçi gatnaşdy.      

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru