Awazada “Jadyly kenar” oýun attraksionlary seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

00:3806.07.2015
0
9842

Awazada Türkmenistanyň  Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň “Jadyly kenar” oýun attraksionlary seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy, ol “Çeper gurluşyk” türkmen gurluşyk firmasy tarapyndan bina edildi.

Seýilgäh sungatyny döretmegiň ýörelgelerine laýyklykda, 10 gektara golaý meýdanda 40-dan gowrak bina, tehniki desgalar, kiçeňräk binagärlik we inženerçilik desgalary ýerleşdirilipdir, olaryň 28-si attraksionlardyr. Olaryň her biri dynç alyş pudagynyň iň täze binalary bolup durýar.

Köp sanly her dürli hiňňildiklerden, sallançaklardan, awtoduralgalardan, uçarlardan, demir ýollaryndan we beýleki oýun meýdançalaryndan başga-da, bu ýerde çagalar we ulular üçin hakyky attraksionlaryň toplumy döredilipdir. Olaryň hatarynda “Kyrkaýagy”, “Aerostaty”, “Şadyýan böküşi”, “Belentden gaýtmagy”, “Akulaň ýanyna syýahaty”, “Uçýan kitleri”, “Garakçylaryň gämisini” we attraksion tehnikasynyň we beýleki täzeliklerini görkezmek bolar.

“Dinozawrlaryň jeňňelligi” çärä gatnaşyjylarda has ýiti täsir galdyrdy, ony “Ýursk döwrüniň seýilgähi diýip atlandyrýarlar. Bu “jeňňellikde” tirannozawrlaryň, diplodoklaryň, sterozawrlaryň we beýlekileriň ululygy ýaly şekilleri gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Olaryň golaýynda dişleri ullakan piteroaktiw guşy hamala diri ýaly ganatlaryny ýaýýar. Ýüzlerçe million ýyl mundan ozal ýaşap geçen dinozowrlar özlerine berkidilen elektron enjamlary arkaly gorkuly sesleri ýaňlandyryp, çagalary hem ululary hem gorkuzýar.

“Jadyly kenar” attraksionlar seýilgähiniň medeni dynç alyş merkezi çagalar hem ýaşlar üçin hakyky täsinlikdir. Oňa giň alleýa alyp barýar, alleýanyň iki tarapynda hem doňdurmalar, beýleki süýji we sowadylan içgiler satylýan dükanlar ýerleşýär, olar ýelken görnüşinde gurlupdyr. Şeýle hem seýilgähe alyp barýan alleýanyň ugrunda goýry kölegeli telärler we kafe-barlar hatara düzülipdir.

Medeni dynç alyş merkeziniň ak mermerli binasynyň penjirelerinden deňiz gözýetiminiň açylmagy onuň ýene bir aýratynlygydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň