Soňky habarlar

Arhiw

Awazada köp gatly awtoduralganyň we “Deňiz merjeni” şäher dynç alyş seýilgähiniň açylyşy boldy

00:2706.07.2015
0
14220

Awazada 266 orunlyk köp gatly awtoduralganyň açylyşy boldy. Innowasiýa häsiýetli bu awtoduralga Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrap häkimliginiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň gurluşyk ministrliginiň üçünji gurluşyk-gurnama müdirligi tarapyndan bina edildi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň önümçilik düzümleri tarapyndan gurlan “Deňiz merjeni” şäher dynç alyş seýilgähi bu ýere ýygnananlara myhmansöýerlik bilen gapysyny giňden açan üçünji desga boldy. Täze dynç alyş we oýun merkezi 5 gektar meýdandan ybarat bolup, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp künjeginde häzirkizaman ülňülerine laýyklykda bina edildi we ol tebigy iki gatdan ybaratdyr.

Onuň ýokarky gatynda öwüşgin saçýan hiňňildikler, sallançaklar, depejikler, oýun oýnalýan meýdançalar we beýleki çagalar attraksionlary ýerleşýär. Seýilgähiň esasy girelgesinden deňze çenli dowam edýän merkezi alleýada suwa düşülýän ýere çenli giň merdiwanlar gurnalypdyr. Seýilgähiň aşaky böleginde hem köp sanly çagalar oýun meýdançalary, oňaýly telärler we kafeler ýerleşýär. Bu ýerde deňziň golaýynda üçeginde tomusky kafesi bolan restoran-- bar  ýerleşýär. Iki gatly “Deňiz merjeni” medeni-dynç alyş merkezinde çagalara  köp sanly oýun awtomatlary we uly möçberli şekilleri görkezýän 9D kinoteatry garaşýar.

Bu ýere dynç almaga gelýän şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary bilýard hem oýnap bilerler, soňky döwürde sportuň bu görnüşine aýratyn derejäniň berilmegi bilen baglylykda onuň meşhurlygy artýar. “Deňiz merjeni” dikeldiş zolagynda wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Şeýle hem bu ýerde kenarýaka woleýboly üçin meýdança, dükan, erkekler we aýallar üçin aýry-aýrylykda egin-eşik çalşyrylýan otaglary bolan suwa düşülýän jaýlar gurlupdyr. 

Seýilgähiň esasy gözel ýerleriniň biri-de tematik taryhy-binagärlik zolakdyr. Bu ýerde türkmen topragynyň geçmişdäki belli ýagygärlikleriniň kiçeldilen görnüşleri diýseň ynandyryjy dikeldilipdir. Bu ýerde gadymy Merwiň meşhur Soltan Sanjar mawzoleýiniň we beýleki ajaýyp ýadygärlikleriniň, Ahal welaýatyndaky Mäne-baba mawzoleýiniň, Köneürgençdäki Gutlug-Temriň, Lebapdaky Daýahatyn kerwensaraýynyň, Balkandaky Dehistan şähristanlygynyň, şeýle hem Köýtendagdaky dinozawrlaryň aýak yzlarynyň we beýlekileriň “nusgalaryny” synlamak bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň