Annadurdyýewiň het-trigi “Ahala” bassyr üçünji ýeňşini getirdi

0
1191
16
0

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 17-nji tapgyry, garaşylyşy ýaly, “Altyn asyr” üçin ýeňil gezelenç boldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojagulyýewiň şägirtleri birinji aýlawda Aşgabatda geçen duşuşykdaky ýaly, myhmançylykda hem “Daşogzuň” derwezesine jogapsyz dört pökgi geçirdiler we 42 utuk bilen ýaryş tertibinde ynamly öňde barmagyny dowam etdirýär.

Şeýle ýagdaýda bu tapgyr iki sowaly özünde jemledi: “Ahal” öňdebaryjynyň yzyndan kowmagyny dowam etdirermi we medallar ugrunda göreşýän “Balkan” bassyr iki ýeňlişden soň özüne gelermi?

“Ahal” myhmançylykda “Aşgabat” bilen duşuşdy. Guwançmuhammet Öwekowyň şägirtleri eýýäm 25-nji minutda hasaby açdylar, Altymyrat Annadurdyýew tapawutlandy. Arakesmä üç minut galanda ýer eýeleri jogap pökgüsini geçirdiler — 1:1. Öz jerime meýdançalarynda goragçynyň eli bilen oýnandygy üçin bellenen 11 metrlik urgyny Ruslan Gurbanow dürs ýerine ýetirdi.

Ikinji ýarym “Ahalyň” uly artykmaçlygynda geçdi. Toparyň düzüminde milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew aýratyn tapawutlanmagy başardy. Ol 68-nji minutda şu duşuşygyndaky ikinji pökgüsini geçirdi. Aradan 7 minut geçip-geçmänem, üçünji gezek tapawutlandy. A. Annadurdyýew garşydaşyň derwezesine golaýlap, owadan urgy bilen pökgini derwezeçiniň üstünden aşyrdy — 1:3. Soňky üç duşuşykda 7 pökgi geçiren Altymyrat 14 pökgi bilen netijeli hüjümçileriň sanawynda üçünji orna çykdy. Bu sanawda 18 pökgi geçiren Myrat Ýagşyýew (“Balkan”) öňde barýar.

Ruslan Serazutdinow emin tarapyndan oýundan çykarylansoň, duşuşygyň soňky 12 minutyny “Aşgabat” azlykda geçirdi.

“Balkan” balkan derbisinde “Şagadam” bilen duşuşdy. Bu toparlaryň birinji aýlawdaky duşuşygy 2:2 hasabynda tamamlanypdy. Bu gezek Balkanabatda geçirilen oýun hem güýçlini mälim edip bilmedi — 1:1. Pökgüleri ýer eýelerinden Amir Gurbany (47 minut), myhmanlardan Döwlet Baýramow (63 minut) geçirdiler. 87-nji minutda “Şagadam” azlykda galdy. Emin Hydyr Ýakubowa ikinji sary petegini görkezdi. Bu deňlikden soň “Balkan” ikinji ornuny “Ahala” berdi, “Şagadam” bolsa bäşinji ýerde galdy.

Altynjy orna bolsa HTTU geçdi. Bu topar “Merwden” üstün çykdy — 1:0. Ýeňiş pökgüsini 89-njy minutda Begenç Seýitmämmedow geçirdi.

Türkmenistanyň ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Hazynasy” bassyr ikinji ýeňşini gazandy. Talyplar Baýramalyda 0:2 hasabynda “Energetikden” üstün çykdylar. Ilkinji pökgini birinji ýarymyň başynda Guwanç Abylow geçirdi. Bu Guwanjyň şu çempionatdaky 11-nji goludyr. Arakesmeden soň Yhlas Saparmämmedow tapawutlanyp, duşuşykda gutarnykly hasaby goýdy.

Milli çempionatyň ikinji aýlawynyň soňky — 18-nji tapgyry 8-nji iýulda geçiriler. Şol gün “Hazyna” — HTTU, “Merw” — “Balkan”, “Şagadam” — “Aşgabat”, “Ahal” — “Daşoguz”, “Altyn asyr — Energetik” duşuşar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşyklaryň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

HTTU – "Merw" – 1:0 (0:0)

4-nji iýul. Aşgabat. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbol meýdançasy. 100 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Begenç Seýitmämmedow 89.

Duýduryş alanlar: Döwlet Mirsoltanow 43, Merdan Saparow 76 (ikisi hem – "Merw").

Emin: Saparmämmet Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Allabergen Sapaýew.

"Energetik" – "Hazyna" – 0:2 (0:1)

4-nji iýul. Baýramaly. "Sport desgasy". 350 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Guwanç Abylow 21, Yhlas Saparmämmedow 70.

Duýduryş alanlar: Mekan çaryýew 16, Azamat Açylow 81, Myrat Durdyýew 89 – Yhlas Saparmämmedow 16, Serdargeldi Kabaýew 43, Guwanç Rejepow 62.

Emin: Ruslan Ereşow.

Duşuşygyň inspektory: Eldar Ramazanow.

 

"Daşoguz" – "Altyn asyr" – 0:4 (0:2)

4-nji iýul. Daşoguz. "Sport toplumy". 200 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Didar Hajyýew 4, Ahmet Ataýew 13, 59, Bagtyýar Hojaahmedow 53.

Duýduryş alanlar: Döwran Seýdiýew 56 – Mämmet Orazmuhammedow 53, Bagtyýar Hojaahmedow 54, Şöhrat Söýünow 81.

Emin:Jumamyrat Jumamyradow.

Duşuşygyň inspektory: Geldi Öwezow.

 

"Aşgabat" – "Ahal" – 1:3 (1:1)

4-nji iýul. Aşgabat. "Aşgabat" stadiony. 700 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Ruslan Gurbanow 42 (11 metrlik urgudan) – Altymyrat Annadurdyýew 25, 68, 75.

Duýduryş alanlar: Begi Meredow 41, Mihail Titow 70, Şiri Annaýew 78, Myrat Hamraýew 87, Rahmet Şermetow 90+3 (hemmesi – "Ahal").

Oýundan çykarylan: Ruslan Serazutdinow 78 ("Aşgabat").

Emin: Alibek Sapaýew.

Duşuşygyň inspektory: Konstantin Korotkow.

 

"Balkan" – "Şagadam" – 1:1 (0:0)

4-nji iýul. Balkanabat. "Sport toplumy". 2 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Amir Gurbani 47 – Döwlet Baýramow 63.

Duýduryş alanlar: Aşyrgeldi Ylýasow 18, Batyr Atamämmedow 64, Nursähet Sapargylyjow 81 – Hydyr Ýakubow 82. 

Oýundan çykarylan: Hydyr Ýakubow ("Şagadam") 87 (2 sary petek).

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Öwezdurdy Gylyçmyradow.

17-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçiren oýunçylar:

Myrat Ýagşyýew (“Balkan”) – 18 (2 – 11 mertlik urgudan)

Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”) – 16.

Altymyrat Annadurdyýew (“Ahal”) – 14.

--------------------------------------------------------------------

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynyň ähli täzeliklerini Line-de yzarlaň.    

Добавить

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru