Soňky habarlar

Arhiw

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Älemgoşar” dynç alyş seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy

15:3705.07.2015
0
12537

Tomus möwsümüniň gyzgalaňly döwründe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Älemgoşar” dynç alyş seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. 

“Älemgoşar” medeni-dynç alyş seýilgäh merkezi Tebigaty goramak ministrliginiň buýurmasy boýunça “Şahin Inşaat” türk kompaniýasy tarapyndan bina edildi.  Bu ýerde köpsanly oýun awtomatlary, boulingleri, gülki otaglary we çagalar hem-de ulular üçin niýetlenen beýleki attraksionlar bar.

Bu ýerde 10 gektar meýdanda dürli oýunlaryň, güýmenjeleriň hakyky merkezi ýerleşýär. Olary döretmek üçin attraksion enjamyny öndürýän dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň iň gowy gazananlary peýdalanyldy. Seýilgähiň çäklerinde dürli oýun oýnalýan desgalaryň elliden gowragy ýerleşdirildi. Olaryň hatarynda 15-den gowrak attraksion biri-birine sazlaşykly bina edilipdir. Aň-gözýetimi ösdürýän, dynç alyş we başdan geçirmeler oýun attraksionlarynyň hatarynda “Syn ediş diňini”,  “Haýwanat dünýäsini”, “Howa, desant atyşygy”, “Buz—telewizor”, “Awtoduralga”, “Elhençlikler jeňňeli” , “Amerikan depejikleri” we beýlekileri görkezmek bolar. Şeýle hem bu ýerde “Bugi-Bugi”, “Uçýan tabaklar”, “Tüweleý”, “Täsin taksiler”, “Uçýan piljagazlar”, “Garakçylar gämisi” we beýleki dürli sallançaklar we hiňňildikler bar.

Seýilgähiň deňze golaý böleginde suw attraksionlaryndan we  depejiklerden we üstünde toplary, baýdaklary hem-de başdan geçirmeler filmlerine degişli beýleki zatlar bolan gämili akwopark suw attraksionlarynyň  ägirt uly toplumy bina edilipdir.

Bu toplamda eýýäm çagalar höwes bilen suwa düşýärler, belentlikden suwa bökýärler, suw depejiklerinde taýýarlar. Köp sanly çagajyklaryň şadyýan seslerinden, gülkülerinden aýratyn öwüşginli baýramçylyk dabarasy döreýär.

Suw attraksionlarynyň gabadynda  häzirkizaman basketbol, kiçi futbol we tennis meýdançalary, şeýle hem deňziň hut kenarynda gadymy grek usulynda gurnalan amfiteatr ýerleşdirilipdir.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň