Hindistanyň premýer-ministri TOPH gaz geçirijisini ara alyp maslahatlaşar

0
461
9
0

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Orta Aziýa sapary mahalynda Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana (TOPH) uzajak gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşar — diýip, anna güni bolan metbugat maslahatynda Hindistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Nawtej Sarna habar berdi.

Hindistanyň lideri 6—13-nji iýul aralygynda Orta Aziýanyň bäş ýurdunda — Özbegistanda, Gazagystanda, Türkmenistanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda bolar.

“TOPH, gürrüňsiz, ara alnyp maslahatlaşyljak mesele bolar (premýeriň sapary mahalynda). Bize bu taslamanyň mümkin boldugyça çalt amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek gerek. Hindistana Orta Aziýa gazyna ýol açjak bu taslama çäksiz kuwwata eýedir” — diýip, Sarna aýtdy.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşjak “Türkmengaz” Döwlet konserni, Owganystanyň GAIL-i 2014-nji ýylyň noýabrynda deňhukuklylyk başlangyjynda taslamany durmuşa geçirmek boýunça TOPH Limited operasion kompaniýany esaslandyrdylar. Gaz geçirijiniň gurluşygyna 2015-nji ýylda girişmek meýilleşdirilýär. Gurluşygyň göz öňünde tutulýan möhleti 4 ýyldyr.

TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1735 kilometre barabar bolar. Onuň 200 kilometri Türkmenistanyň, 735 kilometri Owganystanyň we 800 kilometri Pakistanyň çäginden geçer. Şunlukda, gaz geçiriji pakistan-hindi serhedindäki Fazilka ilatly nokadyna baryp ýetmeli. Ýyllyk kuwwaty 30 milliard kubometr tebigy gaza barabar bolar. TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy birnäçe döwlet, şol sanda Russiýa Federasiýasy bilen ABŞ, şeýle hem Aziýanyň ösüş banky ýaly abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldaw tapdy.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru