Soňky habarlar

Arhiw

Ilkinji Hazar mediaforumy Astrahanda geçiriler

10:5404.07.2015
0
2578

Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň žurnalistleri sentýabrda Astrahanda geçiriljek Birinji Hazar mediaforumyna ýygnanarlar. Maslahatyň çäreleri 16—20-nji sentýabr aralygynda geçen ýylyň sentýabrynda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň IV Hazar sammitine ýygnanan ýerinde — Astrahan kremlinde geçiriler.

Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň: “Russiýa tarapyndan bäş ýüz ýyl mundan ozal, Hazar ýakalarynyň birahat bolan döwründe goňşulardan goranmak üçin gurlan gadymy kreml ýene-de agzybirligiň höküm sürýän ýerine öwrüler. Bu gezek biz hazarýaka döwletleriniň žurnalistler bileleşiginiň öňdebaryjy wekillerini garşylarys. “Hazaryň keşbiniň” köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bolşy ýaly we dogruçyl beýan edilmegi möhüm bolup durýar” — diýen sözlerini TASS getirýär.

Tehnologiýa we işewürlik çözgütlerini, mediýa işewürligini ýöretmegiň, şol sanda wagyz ediş kompaniýalarynyň täze ýollaryny gözlemegi, we habar goldawyny, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygynda habar goldawyny bermegi hasaba almak bilen, tejribe alyşmak maslahatyň esasy maksatlarydyr.

Şeýle hem dünýä möçberinde energetika ulgamynda habarlar syýasaty, internet we hukuk, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin hünärmenleri taýýarlamak we täzeden taýýarlamak bölümçelerde ediljek çykyşlaryň temasy bolar.

Maslahatda žurnalistleriň arasynda yglan edilen “Hazar arzuwy” atly halkara bäsleşiginiň jemleri jemlener.

Bäsleşik üç ugur — “Hazar — pikir-garaýyşlaryň deňzi” (Hazarýaka döwletleriniň medeniýet, ykdysadyýet, syýasat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy baradaky işler), “Adam we deňiz” (ekologiýa bagyşlanan işler) we Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlanan “Hemmämiz üçin bir...” ugurlar boýunça geçirilýär.

Gatnaşmak üçin haýyşnamalar 31-nji iýula çenli kabul edilýär. Baýrak gowşurylyş çäresi mediaforumyň ýapylyş dabarasynda geçiriler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň