Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy

0
446
2
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýa amala aşyran iki günlük saparyny tamamlady.

Öň habar berlişi ýaly, Tbiliside ýokary derejede geçirilen türkmen-gruzin gepleşikleri uly üstünlige eýe boldy. Gepleşikleriň barşynda taraplaryň uzakmöhletleýin we deňhukukly esasda guralýan däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmalary tassyklanyldy. Söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek barada gazanylan ylalaşyklar muňa aýdyň şaýatlyk edýär, olaryň amala aşyrylmagy döwletara gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam etmäge niýetlenýär. Şeýle hem taraplar tarapyndan gol çekilen resminamalar toplumy Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda gruzin we türkmen halklarynyň umumy bähbitlerine laýyk gelýän däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary täze hil derejesine çykarmaga gönükdirilendir.

Tbilisiniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň  we Gruziýanyň Baştutanlarynyň gysgajyk  söhbetdeşligi boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly halkyň gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başyny başlan gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, Przident Giorgiý Margwelaşwili bilen mähirli hoşlaşdy. Gruziýanyň Lideri mundan beýläkki netijeli hyzmatdaşlyga ygtybarly esas goýan sapar üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna ak ýol arzuw etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru