Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentine Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” diýen ylmy at dakyldy

09:4504.07.2015
0
2824

3-nji iýulda Gruziýanyň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidentine Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” diýen ylmy ady dakmaga bagyşlanan dabara geçirildi. 

Şanly waka mynasybetli bu ýere Gruziýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar.

Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti dabarany açyp, ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekledi we şu günki günüň aýratyn ähmiýetli waka hökmünde döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna girjekdigini nygtady. Georgiý Kwesitadzeniň belleýşi ýaly, türkmen we gruzin halklaryny taryhyň dowamynda emele gelen dostluk hem-de medeni gatnaşyklar birleşdirýär. Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar  mynasyp dowam etdirilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklar hem berkidilýär.

Georgiý Kwesitadze bu ýere ýygnananlary türkmen Lideriniň giň möçberli ylmy işi bilen tanyşdyryp, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň alymlar geňeşiniň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa “Hormatly akademik” diýen ady dakmak hakynda kabul eden çözgüdini yglan etdi. Döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça hem-de parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga, şol sanda türkmen ylmyny täze belent sepgitlere ýetirmäge we bu ulgamda  özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Nygtalyşy ýaly, bu ýokary ylmy at Türkmenistanyň Baştutanyna Merkezi Aziýa bilen Günorta Kawkazyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga türkmen we gruzin halklarynyň arasyndaky  dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşan uly goşandy, üçin berildi.

Dabaraly ýagdaýda,  ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine degişli diplomy gowşurýar.

Türkmen Lideri ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, özüne Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi diýen belent adyň berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylaryny Aşgabada, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň