Soňky habarlar

Arhiw

Kompozitor Rauf Aliýew öz "Türkmennama" eserini Türkmenistanyň Prezidentiniň diňläp bilmändigine gynanýar

11:2203.07.2015
0
3792

Maryda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda geçirilen konsert uly üstünlige eýe boldy.

Belli azerbaýjan kompozitory Rauf Aliýew tarapyndan türkmen halkyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlap döredilen saz eseri konsert programmasynyň esasy özenini düzdi. Meşhur kompozitor eserinde "Goňurbaş" türkmen mukamyndan peýdalandy, munuň özi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Kompozitor Rauf Aliýew haggin.az-a beren beýanatynda belleýşi ýaly, täze eseriň üstünde işlemek diýseň gyzykly boldy.TÜRKSOÝ halkara guramasyndan buýurma alansoň, kompozitor Türkmenistanyň saz medeniýetini öwrenip başlady, ýurduň Prezidenti barada ýazylan makalalar bilen tanyşdy. Munuň özi oňa Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gazanýan üstünliklerine ýene bir ýola göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Aýratyn-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe guralda saz çalyp, oňat aýdym aýdyp bilýändigi kompozitory üýtgeşik täsir etdi.

— Mende bu adam barada örän ýakymly duýgular galdy we eýýäm aprelde men "Türkmennama" atly eserimi döredip başladym. Şu konsertde bu eserimi Türkmenistanyň Prezidentiniň diňläp bilmändigi gynanç döredýär — diýip, belli azerbaýjan kompozitory Rauf Aliýew beýanatynda belledi.

— Bu meniň döwlet baştutanlaryna bagyşlaýan ilkinji eserim däldir. Geçen ýyl men umumymilli lider Geýdar Aliýewe hem ballada bagyşlapdym — diýip, kompozitor belleýär.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň