Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda soňky tutuş 124 ýylyň meteorologiýa gözegçilikleriniň dowamynda howanyň gyzgynlyk derejesiniň aňrybaş rekordy täzelendi

07:3703.07.2015
0
10696

Aşgabatdaky adatdan daşary yssy howa gyzgynlyk derejesiniň ähli rekordlaryny täzeledi. Iýunyň soňky gününde Türkmenistanyň paýtagtynda meteorologik gözegçilikleriň tutuş taryhynda şu aý üçin aňrybaş rekordy goýuldy, 47,2 gradus ýylylyk hasaba alyndy. Meteorologik gözegçilikleri Aşgabatda 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýar.

Umuman, 2015-nji ýylyň iýuny Aşgabatda soňky 124 ýylyň içinde iň yssy aý boldy, howanyň ortaça aýlyk gyzgynlyk derejesi bolmaly kadasyndan tas dört gradus dagy geçdi. Geçen aýda gije-gündizlik rekordlaryň sekizisi goýuldy, 16 günläp bolsa howanyň gyzgynlyk derejesi kölegede 40 gradusdan geçdi.

Howanyň çyglylygynyň diýseň pes — bary-ýogy 8-9% bolmaly ýokary gyzgynlyk derejesine getirdi, munuň özi ýaşaýjylara epgegi ýeňil geçirmäge ýardam etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň