Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gruziýanyň Prezidentleriniň bilelikdäki beýannamasy

07:1003.07.2015
0
3568

Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwiliniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 2—3-nji iýulynda Gruziýada döwlet sapary bilen boldy.

Döwletleriň Baştutanlarynyň gepleşikleri açyklyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçdi, bu gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda türkmen-gruzin özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Prezidentler ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seretdiler, şeýle hem özara hormatlamak, deňhukuklylyk we birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ösüş depginine ýokary baha berdiler. Taraplar ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn arkalaşykly hereketi mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin berk esasy döredendigini tassykladylar.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa häzirki saparynyň we Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwiliniň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan saparynyň dürli ugurlarda gatnaşyklary berkitmäge döwletleriň özara çalyşýandygynyň subutnamasy bolup durýandygyny, munuň bolsa iki dostlukly halkyň bähbitlerine laýyk gelýändigini aýratyn bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerinden kanagatlanýandyklaryny beýan etdiler we bu gepleşikleriň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berip, bu gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynanýandyklaryny aýtdylar.

Taraplaryň dostluk gatnaşyklaryny we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryndan ugur alyp, Taraplar şu aşakdakylary beýan etdiler:

Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini bellediler, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň Türkmenistanyň we Gruziýanyň bähbitlerine laýyk gelýändigini tassykladylar.

Taraplar halkara meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny tassykladylar, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine özleriniň eýerýändiklerini, şeýle hem sebit we ählumumy derejede hem halkara durnuklylygy we howpsuzlygy goldamak bilen baglylykda, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmenistan we Gruziýa Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň işiniň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we tagallalaryny utgaşdyrmak barada karara gelendiklerini tassyklap, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy we halkara howpsuzlygyny gorap saklamaga gönükdirilen işini netijeli durmuşa geçirmegiň guraly hökmünde bu köptaraply halkara guramasyny berkitmegiň möhümdigine aýratyn üns berýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Taraplar halkara parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak üçin esasy jogapkär edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşini özgertmegiň zerurdygyny tassyklaýarlar.

Gruziýa Türkmenistanyň energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek we ulag geçelgeleriniň orny boýunça halkara-hukuk resminamalaryna degişli başlangyçlaryny gyzyklanýan ýurtlaryň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara guramalaryň tekliplerini nazara almak bilen, berk goldaýandygyny ýene-de beýan etdi. Öz gezeginde Türkmenistan Gruziýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe süren ynsanperwer meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Taraplar halkara terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna hem-de häzirki zaman dünýäsiniň beýleki wehimlerine we howplaryna garşy göreşde ikitaraplaýyn we halkara derejelerde tagallalaryny utgaşdyrmagy ylalaşdylar hem-de bu howplara garşy göreşde halkara tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy barada çykyş edýärler. Taraplar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üç ölçeginiň çäklerinde Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak möhüm diýip hasap edýärler. Ýewropa howpsuzlygynyň öňünde durýan wehimleri nazara almak bilen, Taraplar Helsinkidäki Jemleýji Namanyň ýörelgelerine we howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde ony ýerine ýetirmegiň ähmiýetini we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde bar bolan gapma-garşylyklary parahatçylykly çözmäge özleriniň eýerýändiklerini tassyklaýarlar.

Taraplar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, şol sanda döwlet özygtyýarlylygy, çäkleriniň bitewüligi, serhetleriň bozulmazlygy, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk, şeýle hem jedelleri parahatçylykly düzgünleşdirmek ýörelgelerini berjaý etmäge özleriniň eýerýändiklerini tassyklaýarlar.

Taraplar syýasy gatnaşyklary goldarlar, parlamentara we pudagara hyzmatdaşlygyň usullaryny ösdürerler, iki döwletiň işewürler, ylmy, medeni, sport toparlarynyň we beýleki toparlarynyň arasynda gatnaşyklar üçin ikitaraplaýyn şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge we amatly şertleri döretmäge ýardam bererler.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde sebitara gatnaşyklary ösdürmegi goldaýarlar, wekiliýetleriň özara saparlaryny işjeňleşdirmegiň, sebitleriň derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň bilelikdäki maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň, sebitlerde geçirilýän sergi-ýarmarkalara we medeni çärelere gatnaşmagyň zerurdygyny belleýärler.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işine, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň syýasy geňeşmeler görnüşine ikitaraplaýyn ykdysady we syýasy gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm utgaşdyryjy gural we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň netijeli usuly hökmünde garaýarlar.

Taraplar özara söwdanyň möçberini artdyrmaga ýardam bermek üçin, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we iş ýüzünde çäreleri görmegiň möhümdigini tassykladylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Taraplar iki ýurduň hususy pudagynyň wekillerini ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesine we degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyna esaslanýan amatly şertleri doly peýdalanmaga çagyrdylar.

Taraplar energetika, ulag, syýahatçylyk, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge we tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirdiler.

Ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we iki ýurduň bu ugurdaky mümkinçiligini doly peýdalanmak üçin, Taraplar Türkmenbaşy, Batumi we Poti portlarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak bilen, Türkmenistan we Gruziýa aýrylmaz bölegi bolup durýan Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesiniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça geljekki mümkinçiligine seretdiler.

Prezidentler Türkmenistanyň öz tebigy gazyny dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge gönükdirilen oýlanyşykly syýasatynyň möhümdigini bellediler. Prezidentler energiýa serişdelerini Hazar deňziniň sebitinden Ýewropa ibermegiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Gepleşikleriň dowamynda Prezidentler Owganystan Yslam Respublikasyndaky ýagdaýy çalt durnuklylaşdyrmagyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň parahatçylykly ösmegi üçin ähli şertleri üpjün etmegiň aýratyn möhümdigini bellediler. Şunuň bilen birlikde, Taraplar halkara bileleşigi bilen bilelikde Owganystan Yslam Respublikasyny parahatçylykly dikeltmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklaýarlar.

Taraplar Owganystan Yslam Respublikasynyň öňe süren, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda üstaşyr geçirmek, ulag we söwda babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky Ylalaşygyň taýýarlanmagyna özleriniň gyzyklanma bildirýändiklerini we ony goldaýandyklaryny tassykladylar. Iri sebit we sebitara ulag hem-de energetika taslamalaryny bilelikde amala aşyrmak bu ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolar.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa saparynyň iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklary, söwda-ykdysady we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine, dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Taraplar deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak maksady bilen, gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmegi üpjün etmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegi özleriniň maksat edinýändiklerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerligi üçin Gruziýanyň Prezidenti Georgiý Margwelaşwilä hem-de Gruziýanyň halkyna minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilmegi bellenen «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşmaga Gruziýanyň Prezidentini çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti                                  Gruziýanyň Prezidenti

Gurbanguly                                                             Giorgiý

BERDIMUHAMEDOW.                                           MARGWELAŞWILI.

 

Tbilisi ş., 2015-nji ýylyň 2-nji iýuly.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň