Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýa bardy

18:1402.07.2015
0
3888

Tblisiniň howa menzilinde belent mertebeli myhmany Daşary işler ministri, ykdysadyýet ministri, prezidentiň edarasynyň başlygy we prezidentiň geňeşçileri garşyladylar.

2-nji iýulda ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýa bardy. Tblisiniň halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Gruziýanyň daşary işler ministri Tamar Beruçaşwili, wise-premýer, ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Georgiý Kwirikaşwili, prezidentiň edarasynyň başlygy Dawid Pataraýa we prezidentiň geňeşçileri Tengiz Phaladže bilen Georgiý Abaşişwili garşyladylar diýip, PEGNUM habarlar agentligi habar berýär.

Prezidentiň Tblisidäki kabulhanasynda ilki ikiçäk, soňra giňişleýin görnüşde Gruziýa bilen Türkmeniatan döwletleriniň baştutanlarynyň duşuşygy geçiriler.

Ondan soňra bilelikdäki resminamalaryň birnäçesine gol çekiler we prezidentler köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin beýanat ederler.

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet saparynyň çäklerinde Tbliside Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Garibaşwili hem-de parlamentiň başlygy Dawid Usupaşwili bilen duşuşyklar geçirer, Gruziýanyň çäk bitewiligi ugrunda wepat bolanlary hatyralar.

Saparyň ikinji gününde Gurbanguly Berdimuhamedowa hormatly akademik adynyň dakylmagyna bagyşlanan dabara geçiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary 3-nji iýulda tamamlanar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň