Iň göreldeli saglygy goraýyş işgäri

0
896
1
0

Düýn (01.07.2015) “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäherindäki “Milli söwda merkezi” döwlet kärhanasynda “Iň göreldeli saglygy goraýyş işgäri” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşige Türkmenistanyň ähli künjeginden, şeýle-de Aşgabat şäherinden öz hünärine ezber lukmanlaryň 10-sy gatnaşdy. Lukmanlar üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň ilkinji şertinde saglygy goraýyş işgärleri özleri bilen tanyşdyryp, raýatlaryň saglygyny goramakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny ýokarlandyrmakda alyp barýan işleri dogrusynda gürrüň berdiler.

 Şeýle-de lukmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyndan berlen soraglara jogap bermekde bäsleşdiler. Ahyrky şertde saglygy goraýyş işgärleriniň kärine ussatlygy boýunça berlen dürli soraglara jogap bermekleri ýeňijini kesgitlemäge mümkinçilik döretdi.

Çekeleşikli geçen bu bäsleşikde eminleriň beren bahalaryna görä “Iň göreldeli saglygy goraýyş işgäri” diýen ada Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Ogulşirin Seýidowa mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň diplomy hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gymmat bahaly sowgady gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan işlerini wasp edýän “Arkadag” aýdymynyň dowamynda görkezilen wideorolik çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru