Gazagystanyň ilçihanasy bilen türkmen HBS-iniň wekilleriniň duşuşygy

10:5302.07.2015
0
3578

1 iýulda Aşgabat şäherindäki “Aşgabat” myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Ilçihananyň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Ilçihananyň wekili Daniýar Kadyrow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Gazagystan Respublikasynda soňky ýyllarda bolup geçen möhüm syýasy jemgyýetçilik wakalar dogrusynda gürrüň berdi. Hususan-da, ýakyn wagtda Gazagystan Respublikasynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçendigi, hem-de şol saýlawlarda Nursoltan Nazarbaýewiň Prezidentlige saýlanandygy bilen baglanyşykly çykyş etdi.

Şeýle-de, wekil 2017-nji ýylda Gazagystanda geçiriljek Bütindünýä gyşky uniwersiada taýýarlyk hem-de 2022-nji ýylda Bütindünýä gyşky olimpiýa oýunlaryny ýurduň günorta paýtagty bolan Almaata şäherinde geçirmeklik barada hödürlenen teklipnamasy dogrusynda çykyşynda belledi. Duşuşygyň ahyrynda ol myhmanlara köp sagbolsun aýdyp, şeýle çäreleriň ýene-de dowam etjekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň