Arhiw

Bilýard boýunça Türkmenistanyň Kubogyny eýelemek üçin ýaryş geçirildi

10:3802.07.2015
0
1243

Aşgabatda bilýardyň “Erkin piramida”  görnüşi boýunça ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan 60 türgeniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Aýgytlaýjy oýunda paýtagtymyzyň toparynyň iki  wekili öz aralarynda güýç synanyşdylar. Gyzykly geçen bu duşuşykda Batyr Aşyrow Begenç Aýdogdyýewi ýeňil bolmadyk oýunda 7:4 hasabynda ýeňmegi başardy.

Ýaryş Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we ýurdumyzyň Bilýard sport federasiýasy tarapyndan guraldy. Kubok ugrundaky bu ýaryş ýurdumyzda ilkinji gezek geçirildi. Çünki bu milli sport guramasy özüniň resmi işine geçen aýyň ilkinji günlerinden başlady. Federasiýanyň döredilmegi Türkmenistanyň çempionatynyň geçirilmegi bilen utgaşdy. Çempionata  welaýatlaryň dördüsiniň we Aşgabadyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Şol ýaryşda B.Aýdogdyýew finalda B.Aşyrowy ýeňip, ýurdumyzyň çempiony diýen ada mynasyp bolupdy.

Bu geçirilen ýaryşda bolsa, Batyr Aşyrow çempionatda şowsuz çykyş etmeginiň öwezini doldy.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň deslapky duşuşyklary paýtagtymyzyň “Älemgoşar” bilýard merkezinde geçirildi. Ýarym final duşuşyklary hem-de aýgytly duşuşyk Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirildi. Bilýard oýnunyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýaryşda ýarym finalda ýeňlen oýunçylaryň ikisine hem bürünç medal gowşurylýar. Bu baýraga aşgabatlylar  Ebabekir Bekdurdyýew bilen Garly Sowetow mynasyp boldular.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bilýard boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 20 türgeniň girjekdigi eýýämden bellidir. Ol türgenler ýurdumyzyň çempionatynda we Kubogy ugrundaky ýaryşlarda gazanan utuklaryny hasaplamak arkaly saýlanyp alnar. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarlarynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň