Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşar

10:0602.07.2015
0
3071

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji iýulda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşlygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sentýabr aýynda geçiriljek 70-nji ýubileý mejlisine gatnaşjakdygy habar berildi. Bellenilişi ýaly, Bütindünýä forumynyň gün tertibine möhüm meseleleriň ençemesi giriziler.

Türkmenistan bu maslahatda täze başlangyçlar, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky teklipler bilen çykyş eder.  Mejlisde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategiki häsiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyz geljekde hem bu netijeli gatnaşyklary ählumumy abadançylygyň bähbidine hemmetaraplaýyn berkitmäge, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar. Halkara başlangyçlar şol maksatlaryň gazanylmagyna gönükdirilendir. Olary Bitarap Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji taryhy mejlisiniň garamagyna hödürlär.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýork şäherine boljak iş saparyna hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyga jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň