Soňky habarlar

Arhiw

Durky täzelenen bäş ýyldyzly "Grand Türkmen" myhmanhanasy aşgabatlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň öňünde täze keşpde peýda boldy

09:2902.07.2015
0
5345

Durky täzeleninden soň, bäş ýyldyzly "Grand Türkmen" myhmanhanasy aşgabatlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň öňünde özgeren keşpde peýda boldy. Ap-ak bina türkmen paýtagtynyň taryhy merkezindäki ajaýyp binagärlik toplumy bilen utgaşykly sazlaşdy. 1995-nji ýylda açylan wagtyndan bäri amatly we oňaýly hyzmatyň ýokary derejesini görkezip gelýän myhmanhana ýene-de ýokary abraýyny tassyklaýar.

Şeýlelikde, durky täzelenen Grand Türkmen myhmanhanasy şu ýyllaryň içinde jahankeşdeleriň yzygiderli gelýän myhmanhanasyna öwrüldi. Köp dürli syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen birlikde, myhmanhananyň 6 gatly binasynda ähli amatlyklary bolan giň we oňaýly otaglaryň 4 görnüşi—1 orunlyk, 2 orunlyk, ýarym lýuks, lýuks görnüşleri myhmanlaryň hyzmatynda. Bu ýerde jemi 111 otag, şeýle hem tomusky açyk howuz, “Ýüpek ýoly” restorany, garbanyşhana, disko-bar, karaoke-bar, gözellik salony, fitnes-klub, owkalaýyş otagy, sauna, lukmançylyk bölümi ýerleşýär. Işewürlik syýahatçylygynyň wekilleri üçin myhmanhanada maslahatlary we medeni-gumanitar häsiýetli beýleki çäreleri geçirmek üçin 20,40 we 70 orunlyk maslahatlar zallarynyň üçüsi bar.

Örän amatly ýerde ýerleşendigi bilen belli bolan "Grand Türkmen" paýtagtda iň meşhur myhmanhanalaryň biridir. Onuň töwereklerinde türkmen paýtagtynyň gözellikleriniň ençemesi—Şekillendiriş sungaty muzeýi, Magtymguly adyndaky sazly drama teatry, “Watan” kinokonsert merkezi, “Gülüstan” söwda merkezi we beýlekiler ýerleşendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň