Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlaýar

09:0902.07.2015
0
3257

Şu gün — 2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  Gruziýa döwlet sapary başlanýar. Bu sapar dostlukly döwletiň Baştutany Giorgiý Margwelaşwiliniň çagyrmagy bilen amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji iýunda geçirilen göçme mejlisinde bellenilişi ýaly, Tbiliside geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-gruzin duşuşygy däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etmelidir.

Iki ýurduň Liderleri öňde boljak duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň möhüm ugurlaryny, türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini öz içine alýan meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar. Şol hyzmatdaşlyk birnäçe kesgitleýji ýagdaýlary, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň milli bähbitlerini we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazar almak bilen guralýar.

Gol çekilmäge taýýarlanylýan möhüm resminamalar Türkmenistanyň we Gruziýanyň özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegi ugur edinýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şol resminamalar hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňelder we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmek üçin oňaýly esas döreder. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň internet saýtynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň