Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçileri ýurdumyzyň bazarlaryny ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün edýärler

09:1901.07.2015
0
9497

Soňky günlerde Ahal welaýatynda we Aşgabatda Hususy önüm öndürijiler tarapyndan täze desgalaryň birbada birnäçesi açyldy. Bu desgalar türkmen telekeçileriniň milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bazarlaryny ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmäge goşandyny artdyrmaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol desgalaryň hatarynda konserwa zawody we alkogolsyz içgileri we arassa agyz suwuny öndürýän zawod, şeýle hem döwrebap sowadyjy ammar bar.

Ýurdumyzyň telekeçileri – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu wezipeleri çözmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýarlar.

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň “Mürçe” daýhan birleşiginde “Parasatly” hojalyk jemgyýetiniň täze kärhanasynyň açylmagy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Onuň işi ýurdumyzyň bazaryny daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen üpjün etmäge hem-de olary daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň ýörite Kararyna laýyklykda gurlan hem-de Ahal welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirilen kärhana özüne iki önümçiligi – konserwirlenen gök we miwe önümlerini öndürýän zawody, şeýle hem alkagolsyz içgileri we arassa agyz suwyny öndürýän zawodlary birleşdirýär. Bu kärhananyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary – “Hyzmat merkezi” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri amala aşyrdylar. Kärhananyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi her gün 20 tonna pomidor goýaltmasyny, 3 tonna miwe balyny, şeýle hem sagatda 5 müň gap arassa agyz suwuny we 3,5 müň gap alkagolsyz içgileri çykarmaga mümkinçilik berer. Bu zawodlaryň ulanmaga berilmegi bilen oba ýaşaýjylary üçin täze iş orunlarynyň peýda bolandygyny bellemek möhümdir.

Konserwa zawody geljekde özünde öndüriljek gök önümleri we miweleri gaýtadan işlemäge gönükdirilendir. Eýýäm şu möwsümde  140 gektar meýdana önümliligi bilen tapawutlanýan pomidorlaryň golland görnüşi ekildi. Kärhananyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen goňşy telekeçilerden pomidory satyn almak meýilleşdirilýär. Ýakyn geljekde balyň iki görnüşini – käşir we ülje ballaryny çykarmak, geljekde bolsa özünde öndürilen miweleri gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär. Şu meýilnamalary amala aşyrmak üçin “Mürçe” daýhan birleşiginde 100 gektar meýdanda armyt we alma, çereşnýa we ülje, garaly, alça, şetdaly, erik we üzüm agaç nahallary oturdyldy. Öňümizdäki ýylda uly hasyla garaşylýar, şu ýylyň güýzünde bolsa “Parasatly” hojalyk jemgyýeti üzümiň iň gowy görnüşleriniň biri bolan “Gülgün taýfi” üzüminiň 30 tonnasyny öndürmegi göz öňünde tutýar.

Önüm öndüriji ilaty ekologiýa taýdan arassa gök önümleri bilen üpjün etmäge çalyşyp, ýyladyşhana  hojalyklaryny ösdürmäge we goralan toprakda öndürilýän gök önümleriň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýyladyşhanalaryň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy “Parasatly” hojalyk jemgyýetine ähli tehnologik işleri awtomatlaşdyrmaga, howanyň çalşylmagyny üpjün etmäge, dökünleriň yzygiderli we rejeli berilmegine, ekinleri damjalaýyş usuly bilen suwarmaga, şeýle hem taýýar önümi göwnejaý saklamaga mümkinçilik berer. Şunuň netijesinde bu ýerde gök önümleriň durnukly hasyly alynýar we ekologiýa taýdan arassa gök önümler we beýleki oba hojalyk önümleri ýetişdirilýär. Şol önümler bolsa her gün türkmen paýtagtynyň söwda nokatlaryna ugradylýar.

Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň Ýalkym ýaşaýyş toplumynda açylan täze sowadyjy ammar et, süýt, miwe, gök we bakja önümlerini talaba laýyk saklamaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçiniň buýurmasy boýunça bu desgany “Gümmez gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri gurdular. Ammar sowadyjy kameralaryň dördüsi bilen üpjün edildi. Olaryň göwrümi 4800 kub metre barabardyr. Olarda hemişe minus 25 gradus howa ýagdaýy saklanýar. Bu ýerde şeýle hem göwrümi 7200 kub metre barabar bolan sowadyjy kameralaryň dördüsi ýerleşýär. Olardaky temperatura bolsa 5 gradus sowuga barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň