Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” bolar

07:4001.07.2015
0
4762

Türkmenistan sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmekde özüniň ornuny pugtalandyrýar. Munuň özi ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biridir. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen hyzmatdaş döwletleriň bilelikde amala aşyrýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwre çenli bu halkara ulag geçelgesiniň türkmen böleginiň 45 kilometri guruldy. Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginiň düzüm bölümleri bu demir ýoluň Atamyrat-Ymamnazar böleginde gurluşyk işlerini dowam edýärler. Häzirki döwürde ýerüsti düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýoluň 23-nji kilometrinde alnyp barylýar. 36-njy kilometrde bolsa ýola çagyl-daş düşemek, 46-njy kilometrde onuň toprak örtügini taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynyň täze möhüm bölegi bolar. Bu polat ýol diňe bir ygtybarly ulag geçelgesi bolman, eýsem sebitiň ýurtlarynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň köprüsini emele getirer. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyjynyň Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy tötänden däldir. Çünki bu demir ýol ykdysady bähbitden başga-da, sebitiň ýurtlarynyň  deňhukukly hyzmatdaşlyk şertlerinde dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy üçin giň mümkinçilikleri üpjün eder. Üç goňşy döwletleriň ulag-aragatnaşyk düzümini baglanyşdyrýan ulag geçelgesi özara haryt dolanyşygynyň birnäçe esse ýokarlanmagyny şertlendirer.

Jeýhun derýasynyň üstünden gurulýan täze ulag geçelgeler,  şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” bolar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň