"Nebitçi" şypahanasy — Balkanyň häzirki zaman sagaldyş-dynç alyş merkezi

21:2930.06.2015
0
13284

Mälim bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut öz ýolbaşçylygynda işlenip düzülen "Saglyk" Döwlet maksatnamasynda şypahana ulgamyny ösdürmäge aýratyn orun berilýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda "Baýramaly", "Arçman", "Ýyly suw", "Farap", "Mollagara", "Daşoguz" şypahanalarynyň täze binalary ulanyşa girizildi. Hazaryň kenarynyň ýakynynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hem ajaýyp sagaldyş merkezleri, myhmanlar, şypahanalar sagaldyş öýleri guruldy.

"Türkmennebit" Döwlet konserniniň "Nebitçi" şypahanasy-da Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Balkanabadyň günbatar çetinde, Uly Balkan dagynyň eteginde ýerleşýän bu sagaldyş-dynç alyş merkezinde tutuş ýylyň dowamynda nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň zähmetkeşleri dynç alyp, saglyklaryny dikeldýärler. Özem olar 12 günlük ýollanmanyň hakyky bahasynyň bary-ýogy 30 göterimini töleýärler.

Birbada 100 adamy kabul edip, olara ýaşamak üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçiligi bolan "Nebitçi" 2012-nji ýylda abatlaýyş-dikeldiş işleri geçirilenden soň, häzirki zaman sagaldyş merkezine öwrüldi. Bu ýerde otaglar iki adamlyk bolup, olar telewizor, sowadyjy we beýleki amatlyklar bilen üpjün edilendir. Şypahanada ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny we gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge ähli zerur şertler döredilendir.

—Häzirki zaman gurallarydyr enjamlaryň kömegi bilen biz ostehondroz, artrit, artroz we daýanç-hereket ediş ulgamy, şeýle hem dem alyş ýollary, merkezi nerw ulgamy bilen bagly beýleki keselleri bejermekde netijeli fizioterapiýa usullaryny ulanýarys — diýip, terapewt lukman Ogulgül Täşliýewa gürrüň berýär. — Hususan-da, bu magnit elektrooforez, ultraýokary ýygylyk, ultrases, ingalýasiýa we beýlekilerdir. Mundan başga-da, bişofitli we deňiz duzly bejeriş wannalary, sirkulýar we şarko duşlary müşderileriň hyzmatynda. Biz şeýle hem parafin we nebitdakyl, iňňe temperaturasy, elde we mehaniki usulda owkalama ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýäris. Diş lukmany we beýleki lukmanlar işleýär. Gyssagly lukmançylyk kömegi otagy bar. Trenažýorlar bilen üpjün edilen ýörite otag bolsa bejeriş bedenterbiýe üçin niýetlenendir. "Nebitçi" şypahanasynyň esasy binasynyň gapdalynda suw bilen bejeriş öýi guruldy. Suw bilen bejergi geçirmegiň usuly hökmünde bu ýerde kükürtwodorodly we ýodbromly wannalar ulanylýar.

Dermanlyk ösümlikleri ulanmak bilen, fitoterapiýa hem uly üns berilýär. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly düýpli ylmy işinde jikme-jik beýan edilen usullardan we maslahatlardan peýdalanylýar. Şypahanada dynç alýanlara bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk otlardan taýýarlanylýan tagamly çaýlar, bejeriş gaýnatmalary we içgileri hödürlenilýär.

"Nebitçi" şypahanasynyň otaglarynyň içki bezeglerinde hem häzirki zaman ülňülerini görmek bolýar, olar örän owadan we rahat. Hemişe ýaşyl öwsüp duran bagly-bakjaly, gülli howaly hem sagaldyş merkeziniň bezegi bolup durýar.

Şeýlelikde, tebigat tarapyndan döredilen bejerijilik melhemleriň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň we tehnikasynyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşmagy bu şypahananyň işiniň esasy maksadyna ýetmegine — adamyň bähbidine gulluk etmegine ýardam edýär.             

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň